Türkiýede şu ýylyň ilkinji dört aýynda 440 müň 226 ýaşaýyş jaý satyldy

Ýaşaýyş jaý satuwlary 2017-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 7,2 göterim artdy

Türkiýede şu ýylyň ilkinji dört aýynda 440 müň 226 ýaşaýyş jaý satyldy

Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan berilen hasabata görä Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwlarynyň aglaba bölegi ýurdyň 3 welaýatynda ýerine ýetirildi.

Berilen beýanata görä aprel aýynda ýaşaýyş jaý satuwy geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 7,6 göterim artyp, 114 müň 446-a ýetdi.

Daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany bolsa aprel aýynda 2,7 göterim artyp, 1624-e ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar