Samsun-Krasnodar uçar saparlary ýaňadandan başlady

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirlen dartgynlyk sebäpli 1,5 ýyl ozal bes edilen Samsun-Krasnodar uçar saparlary ýaňadandan başlady

Samsun-Krasnodar uçar saparlary ýaňadandan başlady

Şenbe güni Krasnodardan uçan RusLine firmasyna degişli Bombardier JRJ-200 kysymly 54 adamlyk ýolagçy uçary 40 minut soň Samsun şäheriniň Çarşamba howa menziline gondy.

Rus ýolagçy uçarynyň ýolagçylary Samsunda gül desseleri bilen garşylandy.

Şäher häkiminiň wekili Turan Çakyr howa menzilinde geçirlen dabarada sözlän sözünde Türkiýe bilen Russiýanyň indi biri-birine has ýakyndygyny nygtady.

Turan Çakyr “Krasnodar bilen Samsunyň arasynda köprü guruldy. Samsun Garadeňiz sebitiniň iň owadan şäherlerinden biri. Rus syýahatçylary 40 minut dowam edýän ýolagçylyk bilen şäherimize gelip bilerler we iki ýurduň ynsanlary indi biri-birini has ýakyndan tanar” diýdi.

Krasnodar-Samsun uçar saparlary hepde-de bir gün amala aşyrlar.

 



Degişli Habarlar