Stambuldaky täze howa menzil Amsterdamdaky howa menziliň soňuny getirip biler

Gollandiýa Stambuldaky 3-nji howa menziliniň Amsterdamdaky Shiphol howa menziliniň soňuny getirip biljekdigini belledi

693470
Stambuldaky täze howa menzil Amsterdamdaky howa menziliň soňuny getirip biler

Gollandiýanyň Maliýe ministri Ýerun Disselbloem Stambul şäherinde gurluşygy dowam edýän 3-nji howa menziliniň Amsetrdamdaky Shiphol howa menziliniň soňuny getirip biljekdigini mälim etdi.

Kanal Stambul, Üçünji howa menzili, Ýawuz Soltan Selim köprüsi we iki kenary bogazyň aşagyndan birikdirjek geçelgeler bilen ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýän Türkiýe Ýewropa gorky salmagyny dowam etdirýär.

Telewideniýeleriň birine jaň eden Gollandiýanyň Maliýe ministri Ýerun Disselbloem birnäçe möhüm beýanat berdi.

Disselbloem: “Amsterdamdaky howa menzil ýylda 55 million ýolagça hyzmat berýär. Stambulda açyljak 3-nji howa menzil bize 25 göterim zeper ýetirip biler. Bu bolsa Gollandiýanyň ykdysadyýeti üçin örän howply bir ýagdaý. Belkem milliardlarça ýewro elimizden uçup gider” diýdi.



Degişli Habarlar