Özbegistan syýahatçylyk pudagy boýunça uly ösüşler etmegi nazarda tutýar

Maksat ykdysadyýetiň we syýahatçylygyň gysga möhletde ösdürilmegi

Özbegistan syýahatçylyk pudagy boýunça uly ösüşler etmegi nazarda tutýar

2017-2021-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin Özbegistany galkyndyrmak üçin strategiýanyň ileri tutulýan 5 ugry üçin işe girişildi.

Maksat ykdysadyýetiň we syýahatçylygyň gysga möhletde ösdürilmegi.

Bu barasynda Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek baradaky Döwlet geňeşinden beýannama berildi.

Beýannamada her ýylyň fewral aýynda Daşkentde syýahatçylyk boýunça ýolbeletleriň maslahatynyň geçiriljekdigi habar berilýär.

Beýleki tarapdan Özbegistanyň syýahatçylyk potensialynyň dünýä tanyşdyrylmagy we puda bilen ýakyndan gyzyklanmak maksady bilen aýda iki gezek “Syýahatçylyk” atly gazetiň neşir ediljekdigi, gazetiň wagty bilen rus we iňlis dillerinde-de çykaryljakdygy mälim edildi.

Şol iş strategiýasynyň çäginde Özbegistanyň Syýahatçylyk ministri Anwar Şaripow bilen Türkiýäniň Myhmanhanaçylar bileleşiginiň ýolbaşçysy Timur Baýyndyryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaki syýahatçylygyň ösdürilmegi, Özbegistanda maýdarlara berilýän döwlet ýeňillikleri barada pikir alyşyldy.

Özbegistanyň Syýahatçylyk ministri Anwar Şaripow Türkiýäniň tejribelerinden peýdalanmak isleýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar