Türk firmalary goranyş senagatynda ägirt uly başlangyç etdi…

Otokar Birleşen Arap Emirliklerinde amfibiki sowutly ulag öndürer

675861
Türk firmalary goranyş senagatynda ägirt uly başlangyç etdi…

 

Milli Tank Altaýyň taslamasyny taýarlanlardan biri bolan Otokar Birleşen Arap Emirliklerinde amfibiki sowutly ulag öndürer. Bu baradaky ylalaşyga Abu Dabide geçirilen Goranyş senagaty sergisinde gol çekişildi.

Ýakyn Gündogaryň goranyş senagaty boýunça esasy sergisi bolan IDEX 2017 Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide açyldy.

Sergide gury ýer, deňiz we howa goranyş pudaklaryndaky döwrebap ulaglar sergilenýär.

Sergä Türkiýeden 12 firma gatnaşýar.

Baş ştabyň başlyğy general Hulusi Akar hem sergä baryp gördi.

Sergide Türkiýäniň goranyş senagaty boýunça eksporty taýdan möhüm bolan ylalaşyga gol çekişildi.

Milli Tank Altaýyň taslamasyny taýarlanlardan biri bolan Otokar Birleşen Arap Emirliklerinde amfibiki sowutly ulag öndürer.

Birleşen Arap Emirlikleri üçin öndüriljek sowutly ulagyň ady RABDAN…

Sowutly ulag Rabdanyň prototipi Abu Dabide geçirilen goranyş senagaty sergisinde görkezildi.

Rabdan 8x8 taktiki tekerli amfibik sowutly ulag…

Orta we ýokary mümkinçilikde ýarag göterme ukubyna eýe bolan Rabdan, amfibik özboluşlygy arkaly deňize hem girip bilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň harby goşuny üçin 700-den gowrak Rabdan öndüriler…

661 million dollara barabar bolan taslama Türkiýäniň goranyş senagatynda bir gezekde edilen iň uly eksporty özboluşlygyna eýe.

 


Etiketkalar: #goranyş , #sergi , #senagat

Degişli Habarlar