Dünýäniň ünsi Germaniýanyň Bonn şäherine gönükdi

Dünýäniň ünsi Germaniýanyň Bonn şäherine gönükdi

Dünýäniň ünsi Germaniýanyň Bonn şäherine gönükdi

Dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlaryndan emele gelýän G20-niň maslahaty Germaniýada geçirilýär.

Senagat taýdan ösen 20 ýurduň daşary işler ministrleri parlamentiň ozalky jaýynda duşuşdylar.

Siriýa we bosgunlar gün tretibiniň ileri tutulan ugurlary boldy.

G20-niň maslahatynda Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik edýär.

Çawuşogly özara duşuşyklarynyň çäginde ABŞ-nyň döwlet sekretary Tillerson bilen hem görüşdi.

Iki kärdeşiň duşuşygynda Siriýadaky wakalar we terrorçylyga garşy göreş barada pikir alyşyldy.

Türk metbugat işgärlerine gysgaça beýannama beren Çawuşogly, Tillerson bilen geçiren duşuşygy barada “netijeli duşuşyk boldy” diýdi.

ÝPG-ä berilýän goldawyň ynamy azaltjakdygyny nygtan ministr Çawuşogly: “gatnaşyklary ýaňadandan nähili kadalaşdyryp biljekdigimizi maslahatlaşdyk” diýdi.

 

 


 

 

 


Etiketkalar: Çawuşogly , maslahat , G20 , Bonn , Germaniýa

Degişli Habarlar