Türkiýe bilen Mozambigiň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Prezident R. T. Erdoganyň Mozambige gurajak sapary bilen gatnaşyklar has-da öser

657417
Türkiýe bilen Mozambigiň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Türkiýäniň Mozambikdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Zeýnep Kyzyltan Prezident R. T. Erdoganyň Mozambige gurajak resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigini nygtady.

Ilçi Kyzyltan Prezident Erdoganyň Mozambige gurajak 2 günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýanat berdi.

Türkiýäniň Afrika ýurtlary meselesinde alyp barýan syýasatynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Kyzyltan, şol çäkde soňky döwürde Mozambik bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny aýtdy.

Ilçi Kyzylýan Mozambik bilen esasan hem söwda, maýa goýum, oba hojalyk, syýahatçylyk ýaly ugurlarda edýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny ýatlatdy.

Prezident Erdoganyň Mozambige gurajak sapary mynasibetli öňümizdäki hepde İşewürler maslahatynyň geçiriljekdigini aýdan Kyzyltan; “Mart aýynda bolsa paýtagt Maputoda iki ýurduň arasynda bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär”diýdi.

 



Degişli Habarlar