Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri  Eýranda saparda bolýar

Eýranyň Aragatnaşyk ministri Stambulda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

629493
Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri  Eýranda saparda bolýar

 

Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan 2 günlük resmi saparynyň çäginde paýtagt Tähranda Eýranyň Aragatnaşyk ministri Mahmud Waizi bilen duşuşdy.

 Ministr Ahmet Arslan Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň egindeş baştutany bolan eýranly kärdeşi bilen iki ýurduň arasynda aragatnaşyk pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Eýranyň Aragatnaşyk ministri Waizi bolsa eýranyň hökümetiniň adyndan Stambulda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Waizi Eýranyň Wise-prezidenti İshak Jihangiriniň geljek hepde Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň myhmany hökmünde Türkiýä sapar gurajakdygyny belledi.



Degişli Habarlar