Saud Arabystanynda ministrleriň aýlyklary azaldyldy

Saud Arabystanynda global bazarlarda nebitiň bahalarynyň arzanlamagyndan soň, ministleriň aýlyklarynyň 20 göterim azaldylmagyny hem öz içine alýan ykdysady çäreler alynmaga başlandy

577995
Saud Arabystanynda ministrleriň aýlyklary azaldyldy

Nebitiň bahalarynyň arzanlamagy sebäpli geçen ýylyň dekabr aýynda ýangyjyň bahalaryny 80 göterim gymmatladan Saud Arabystanynyň hökümeti çäre almagyny dowam etdirýär.

Hökümet döwlet işgärleriniň aýlyklaryny azaldyp, arzanlan nebitiň bahalarynyň býujete beren zyýanyny azaltmagy maksat edinýär.

Ministrleriň aýlyklary 20 göterim we mejlisiň agzalaryna berilýän ýyllyk pullar 15 göterim azaldyldy.

Ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň bolsa ýyllyk berilýän pul sylaglarynyň hem 2017-nji ýylda berilmezligine karara gelindi.



Degişli Habarlar