Žanet Ýellen prosentler barada beýanat berdi

Amerikanyň Merkezi bankynyň başlygy Žanet Ýellen prosentler barada beýanat berdi

499337
Žanet Ýellen prosentler barada beýanat berdi

Ýellen öňümizdäki aýlarda prosentleriň artdyrylmagynyň gowy boljakdygyny nygtady.

Ýellen Garward uniwersitedinde geçirilen maslahatda ykdysadyýetçileriň soraglaryna jogap berdi.

Žanet Ýellen ykdysadyýetiň doly işlilik hökmünde kabul edilen işsizlik derejesine ýetendigini we inflýasiýanyň 2 göterime çenli ýokarlandygyny belledi.

Bundan başgada ösüşiň kadalaşandygyny aýdan Ýellen prosentleriň indiki artyşynyň öňümizdäki aýlarda bolup biljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar