ABŞ Ýakyn Gündogara 30 milliard dollarlyk ýarag satdy

ABŞ Ýakyn Gündogar ýurtlaryna şu ýyl 30 milliard dollarlyk ýarag satdy

ABŞ Ýakyn Gündogara 30 milliard dollarlyk ýarag satdy

ABŞ-nyň Goranmak boýunça howpsyzlyk hyzmatdaşlygy agentliginiň hasabatyna görä ýaraglaryň esasy bölegi Saud Arabystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Oman, Katar we Kuwet ýaly ýurtlardan ybarat bolan Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlara satyldy.

Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine agza Saud Arabystany diňe ýeke özi 21 milliard dollardan hem gowrak ýarag satyn alyp, Ýakyn Günogar ýurtlaryň arasynda ABŞ-dan ýarag import eden 1-nji ýurt boldy.

Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bolmaýan Yrak, Ysraýyl we Liwan hem ABŞ-dan köp mukdarda ýarag we harby enjam satyn aldy.

Beýleki tarapdan Ýakyn Gündogar ýurtlarynda barha artýan ýarag talabynyň sebitdäki durnuksyzlygyň sebäbimi ýa-da netijesidigimi derňelýär.

Halkara günä geçişlik guramasynyň geçen ýylyň ahyrynda çap eden “Ýarag satuwlary; DAEŞ-iň ýaraglanmagy" atly hasabatynda DAEŞ-iň elindäki ýaraglarynyň uly böleginiň Yragyň Ýaragly güýçlerinden alynan, ABŞ-na, Russiýa we ozalky SSSR-e agza ýurtlary elindäki ýaraglardygyny belläpdi.



Degişli Habarlar