"Russiýadaky krizis entek köp wagt dowam eder"

Täze ýylda hem ykdysadyýetiň negatiw netijeleriniň bolmagy bilen täze meýilnamanyň üstünde işleýän Russiýanyň hökümeti ýurtda real pudagy janlandyrmagy maksat edinýär

438744
"Russiýadaky krizis entek köp wagt dowam eder"

Russiýanyň Maliýe ministri Anton Siluanow ýurdunyň ykdysadyýetindäki krizisiň entek köp wagt dowam etjekdigini aýdyp: “Bu kyn şertler bilen entek köp wagt ýaşamagymyza taýarlanmagymyz gerek" diýdi.

Federatiw ätiýajyň ýerine ýetirjiler geňeşinde çykyş eden Siluanow bar bolan ykdysady krizisiň 1998-nji we 2008-nji ýyllardaky krizislerden tapawutlydygyny we has köp wagt dowam etjekdigini belledi.

Şu ýyl býujet harajatlarynyň üstünde has hem ýygy gözegçiligiň ediljekdigini aýdan Siluanow öňümizdäki ýyl bolsa käbir çäreleri alyp Atiýaç gaznasynyň çykdajylarynyň öňüni almaga synanyşjakdyklaryny nygtady.

Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew hem ozal beren beýanatynda hökümetiň şu ýyl ykdysadyýeti goldamak maksady bilen sarp etjek pulyň mukdarynyň takmynan 12 milliard dollara çenli ýetip biljekdigini mälim edipdi.

Täze ýylda hem ykdysadyýetiň negatiw netijeleriniň bolmagy bilen täze meýilnamanyň üstünde işleýän Russiýanyň hökümeti ýurtda real pudagy janlandyrmagy maksat edinýär.



Degişli Habarlar