Türkiýe bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Palestinaly we Türkiýeli işewür adamlary Stambulda duşuşdy

213837
Türkiýe bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Türkiýe ykdysady taýdan doly garaşsyz bolmak isleýän Palestina goldaw bermäge dowam edýär.
Palestinaly we Türkiýeli işewür adamlary Stambulda duşuşdy.
İşewür adamlary 2 ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.
İşewür adamlary maslahatynda söz sözlän Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi “Palestina goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Ministr Nihat Zeýbekçi Gazada guruljak Guramaçylykly senagat zolagynyň gurluşygyna gysga wagtda başlanjakdygyny aýtdy.
Zeýbekçi Palestinadan Türkiýä import edilýän önümleriň mukdarynyň ýokarlandyrylmagy üçin hem tagalla etjekdiklerini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar