Tataristan türk maýadarlaryna goldaw bermäge taýar

Tataristanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow Türkiýe-Russiýa ýokary derejedeli hyzmatdaşlyk geňeşinin 5-nji maslahatyndan ozal Türkiýe-Tataristan gatnaşyklary barada beýanat berdi

209959
Tataristan türk maýadarlaryna goldaw bermäge taýar

Rüstem Minnihanow Türkiýäniň uzak ýyllardan bäri Tataristanyň öňdebaryjy hyzmatdaşydygyny belläp “Tataristan, Türkiýe we doganlyk türk halky bilen bolan ýokary derejeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn üstünlikli ýagdaýda ösdürýäris” diýdi.
Tataristana goýlan türk maýasynyň 2 milliard dollara golaýlandygyny gürrüň beren Minnihanow, Türkiýäniň 280 kärhana bilen Tataristanda bellige alynan daşary ýurt maýaly kärhanalar sanawynda birinji ýeri eýeleýändigini nygtady.
Minnihanow Türkiýe bilen Tataristanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda maýa goýumlarynyň esasy orny eýeleýändigine ünsi çekip, “Biz bu ugurda türk hyzmatdaşlarymyza ähli goldawy bermäge taýar” diýdi.
Türk firmalarynyň esasanda Alabuga ýöriteleşdirilen ykdysady zolaga üns berýändigini aýdan Minnihanow, şol zolaga maýa goýan türk işewür adamlaryna salgyt ýeňilligini döredýändiklerini beýan etdi.
Minnihanow Türkiýäniň we Tataristanyň resmi edaralarynyň hem-de işewür töwerekleriniň arasyndaky yzgiderli we işweň dialogyň maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlyga oňyn goşant goşýandygyny aýtdy.
Prezident Minnihanow dil, medeniýet we dini ynanç ýaly faktorlaryň iži ýurdy ýakynlaşdyrýandygyny belläp geçdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar