ÝB bilen Britaniýanyň arasynda bujet krizisi…

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri 2 günden bäri 5 ýyldan bäri dowam edýän ykdysady durnuklylygy çözmek üçin çäre gözleýär

170333
ÝB bilen Britaniýanyň arasynda bujet krizisi…

ÝB bilen Britaniýanyň arasynda bujet krizisi…
ÝB-ne agza 28 ýurduň döwlet we hökümet baştutany Brýusselde duşuşdy.
ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri 2 günden bäri 5 ýyldan bäri dowam edýän ykdysady durnuklylygy çözmek üçin çäre gözleýär.
Liderler Britaniýanyň 2,1 milliard ýewrolyk goşmaça töleg tölemegini isleýär.
Emma Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron goşmaça tölegi kabul etmeýär.
ÝB-ne agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň meseläni ara alyp maslahatlaşmagy we çözgüt tapmagy üçin “gyssagly jemlenişmek” çagyryşyny beren Kameron, Gollandiýa, İtaliýa we Gresiýa ýaly beýleki ýurtlaryň premýer ministrleriniň özüne goldaw berýändigini nygtady.
Gollandiýa hem 642 million ýewrolyk goşmaça töleg tölemeli bolar.
Ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Gresiýa hem goşmaça töleg tölemäge mejbur bolup biler.
Liderleriň gün tertibinde ebola garşy göreş meselesi hem esasy orun eýeledi.
Liderler ebola garşy göreş üçin ilkinji etapda 180 million ýewro berdi.
ÝB ebola garşy sanjym üçin hem 1 milliard ýewrolyk gaznanyň döredilmegi barada karar kabul etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar