Nebitiň nyrhy soňky dokuz aýyň iň aşak çägine düşdi

Nyrhlaryň aşaklamagynyň nebite bolan islegiň azalmagynyň sebäp bolandygy nygtalýar

90664
Nebitiň nyrhy soňky dokuz aýyň iň aşak çägine düşdi

Ukrainadaky we Yrakdaky dartgynlyklar sebäpli nyrhynyň ýokarlamagyna garaýylýan nebit, garaşylýanyň tersine arazalady.
Türkiýe tarapyndan hem nyrhlandyryş usulynda esas kabul edilýän Brent nebitiniň barrel bahasy 103 dollardan aşak düşdi.
Bu nyrh 2013-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri görülen iň aşakky çäk boldy.
Nebitiň barrel bahasy Yrakda Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň Mosuly almagy bilen iýun aýynda 115 dollara çenli ýetipdi.
Hünärmenler nyrhyň aşaklamagynyň global ykdysadyýetiň depgininiň gowşama çaklamalaryna baglylkda nebite bolan islegiň azalmagy sebäplidigini beýan edýärler.
İýun aýynda Yrakdaky, Eýrandaky we Nigeriýadaky nebit önümçiliginiň aşaklamagynyň öweziniň Saud Arabystany we Liwiýa tarapyndan dolunandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar