İki gurama açylýar

BRICS-e degişli ýurtlar global finans ulgamynda uly rol oýnamak üçin halkara pul gaznasynyň we ýardam gaznasynyň döredilmegi hakynda karar kabul etdi

131340
İki gurama açylýar


BRICS-e degişli ýurtlar Bütin dünýa bankyna we Halkara pul gaznasy İMF-ä bäsdeş iki gurama açýar.
BRICS-e degişli ýurtlar Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika global finans ulgamynda uly rol oýnamak üçin halkara pul gaznasynyň we ýardam gaznasynyň döredilmegi hakynda karar kabul etdi.
BRICS-e degşli ýurtlaryň liderleriniň Braziliýada geçiriljek maslahatdan ozal düýn Fortalezada maliýe ministrleri jemlenişdi we dörediljek halkara guramalar hakynda giňişleýin pikir alyşdy.
İlkinji gezek 2013-nji ýylda gün tertibine getirlen we Täze Galkynyş banky ady berlen gurama, Bütin dünýa bankyna meňzeş gurluşa eýe bolar.
Bank ýurtlaryn infstruktura taslamalaryna maddy taýdan kömek berer.
Hindistan täze açyljak galkynyş bankynyň 5 ýyl möhlet bilen döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirer.
Açyljak bankyň ilkinji etapda sermaýasynyň 50 milliard dollar bolmagy meýilleşdirilýär.
Halkara Pul gaznasyna alternatiw hökmünde hem gaznanyň açylmagy meselesi gün tertibine getirildi.
“Kiçi İMF” hökmünde hem atlandyrlan gazna ykdysady kynçylygy başdan geçirýän ýurtlara kabir kadalaryň çäginde goldaw berer.
BRICS halas ediş gaznasynyň sermaýasynyň bolsa 100 milliard dollara barabar bolmagy maksat edinilýär.
41 milliard dollar bilen gazna iň uly goşandy goşan Hytaý, gaznanyň merkeziniň Şanhaýda bolmagyny isleýär.
Emma Moskwa, Täze Deli we Ýohannesburg hem dalaşgärleriň arasynda ýer alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar