Bütin dünýä nebit ýarmarkasy açyldy

Moskwada Bütin dünýä 21-nji nebit ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy

97268
Bütin dünýä  nebit ýarmarkasy açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwada Bütin dünýä 21-nji nebit ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Ýarmarka Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak, Kataryň Energetika we senagat ministri Muhammed Bin Saih Al Sada we Bütin dünýä nebit geňeşiniň başlygy Renato Bertani tarapyndan açyldy.
Ýarmarka halkara derejesinde nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan 500-den gowrak firma gatnaşýar.
İňlis BP, Gollandiýaly Shell, Rus Gazprom, Amerikaly Chewrob we ExxonMobil ýaly uly fyrmalar hem gatnaşýar.
Ýarmarkada Türkiýä TPAO firmasy wekilçilik edýär.
Pawionda TPAO-nyň guramaçylygynda we Stambulyň ýer eýeçiliginde 2017-nji ýylda geçiriljek Bütin dünýä 22-nji nebit kongresi bilen baglanşykly işler tanyşdyrylýar.
Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň 19-njy iýunda penşenbe güni TPAO-nyň pawionyna baryp görmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar