Ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetini ugrukdyrýanlar Stambulda duşuşdy

9-njy Türk-arap ykdysadyýet forumynda “güýçli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň hökmanylygy” nygtaldy

Ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetini ugrukdyrýanlar Stambulda duşuşdy

Döwletleriň arasynda syýasy tapawutlyklaryň bolup biljekdigini nygtan maliýe ministri Mehmet Şimşek “Esasy zat olary gepleşikler arkaly çözmek” diýdi.
Arap dünýäsi Türkiýäniň soňky döwürdäki esasy ykdysady hyzmatdaşlaryndan.
2002-nji ýylda 7 milliard dollar bolan söwda mukdary 57 milliard dollara ýetdi.
Türk-arap ykdysadyýet forumynda “bar bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegi” barasynda pikir alyşyldy.
Maliýe ministri Mehmet Şimşek wagtal-wagtal ýüze çykýan tapawutly pikirlere ünsi çekip, ony maşgaladaky jedelleşige meňzetdi we “esasy zat meseleleri gepleşikler arkaly çözmek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” diýdi.
Forumda “güýçli ykdysady gatnaşyklary üçin syýasy durnuklylygyň möhümdigi” nygtaldy.
9-njy Türk-arap ykdysadyýet forumynyň işi ertir tamamlanar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar