ABŞ Türkiýäni söwda gatnaşyklarynda goldaýar…

Transatlantik Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkiýäniň bähbitleriniň goralmagyna üns beriljekdigini mälim edildi

 ABŞ Türkiýäni söwda gatnaşyklarynda goldaýar…

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky Ykdysady we söwda strategik hyzmatdaşlygy maslahatynyň 3-njisi ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçirildi.

Şol çäkde Wise-premýer Ali Babajan we ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Amerikanyň söwda ministri Peni Pirizker we Amerikanyň Söwda wekili Maýkl Fromin bilen duşuşdy.

Özara söwda gatnaşyklary barasynda pikir alyşylan duşuşykda ABŞ bilen ÝB-niň aasynda dowam edýän Transatlantik Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy gün tertibine geldi.

Türkiýäniň hyzmatdaşlygyň daşynda galmak islemeýändigini nygtan ministr Zeýbeýçi, oňa resmi Waşingtonyň ýol bemejekdigini aýtdy.

Türkiýäniň ÝB bilen Gümrük bileleşigi ylalaşygyna ünsi çeken Ali Babajan bolsa esasy maksadyň Türkiýänin hyzmatdaşlygyň daşynda galmazlygydygyny nygtady.

Ministrleriň bu beýanatlaryna ABŞ-nyň söwda wekili hem goldaw berdi.

ABŞ-nyň söwda wekili Fromin gepleşikler dowam etdigi saýyn Türkiýäniň bähbitleriniň goralmagyna üns beriljekdigini aýtdy.

Fromin şol çäkde ýylyň dowamynda uly başlangyçlaryň ediljekdigi nygtady.

ABŞ-nyň söwda ministri Prizker bolsa Türkiýäniň 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin maksatnamasynyň çäginde dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň hataryna goşulmagyny goldaýandygyny mälim etdi.

Prizker sentýabr aýynda Türkiýä sapar gurajakdygyny hem habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar