A.Babajan 4 götrimlik ösüşiň henizem hakykata laýykdygyny aýtdy

A.Babajan 4 götrimlik ösüşiň henizem hakykata laýykdygyny aýtdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) Ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagaty Pariže baran Ali Babajan Türkiýäniň OECD-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda sapary barasynda beýanat berdi.

Ösüş maksatlarynyň ýaňadandan seljerilmegi üçin birnäçe wagtyň geçmelidigini nygtan Babajan, geçen ýyl käbir töwerekleriň tamalarynyň pesdigine garamazdan Türkiýäniň 4 göterimlik ösüşe eýe bolandygyny aýtdy.

Ösüş görkezijileri barasynda birnäçe aýyň dowamynda analiz berilip bilinjekdigini nygtan Babajan OECD-niň Türkiýe barasyndaky analizlerine seredilende umuman deňagramlydygyna ünsi çekdi.

Ali Babajan OECD-niň Ministrler geneşiniň şu ýylky maslahatynda global ykdysadyýet barasynda umumy pikir alyşandyklaryny aýtdy. Babajan dünýä ykdysadyýetiniň 2014-nji ýylda has kanagatlanarly ösüş etjekdiginiň görülendigine ünsleri çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar