Ukraina beriljek karz tassyklanyldy

Halkara Pul Gaznasy (HPG) Ukraina üçin 17 milliard dollarlyk karzyň berilmegini tassyklady

 Ukraina beriljek karz tassyklanyldy

Emma karz, salgytlaryň we energetika serişdelerinin nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýaly berk ykdysady özgertmeleri talap edýär.

17 milliard dollar iki ýylyň dowamynda bölekleýin görnüşde beriler.

3,2 milliard dollarlyk birinji bölegiň gysga möhletde Ukrainanyň hasabyna geçirilmegine garaşylýar.

Karz bölekleriniň tölenmegi üçin Ukrainanyň hökümetiniň özgertmeleri ýerine ýetirip ýetirmändigi seljeriler.

Ukraina mart aýynda karzyň tassyklanmagy üçin nebitiň nyrhyny 50 göterim gymmatladypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar