Jewdet Ýylmaz Eýranda saparda bolýar

Jewdet Ýylmaz iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň sebit taýdan möhümdigini aýtdy

Jewdet Ýylmaz Eýranda saparda bolýar

Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz Eýranda saparda bolýar.

Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky bilelikdäki Ykdysady komissiýanyň 24-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Eýranyň paýtagty Tährana giden Jewdet Ýylmaz, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň sebit taýdan möhümdigini aýtdy.

Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz Eýranyň Aragatnaşyk we informasiýa tehnalogiýalary ministri Mahmud Waizi bilen duşuşdy.

Ministr Ýylmazyň gün tertibinde buýrokratik päsgelçilikler we saýlama söwda gatnaşyklary bardy.

İki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin buýrokratik bökdençlikleriň ortadan aýrylmalydygyny aýdan Jewdet Ýylmaz, “eýranly firmalaryň Türkiýede has köp maýa goýmaklaryny isleýäris”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar