Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň altyn baýragynyň eýeleriniň hatarynda

17-nji fewralda Özbegistanyň Daşkent şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medal gazandy

1147877
Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň altyn baýragynyň eýeleriniň hatarynda

Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biziň türgenimiz şpagada gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň 10-synda dokuz ýeňiş gazandy hem-de final duşuşykda Özbegistandan bolan garşydaşyny ynamly ýeňdi.

J.Döwletnazarow Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy. Watandaşymyz ýaşdygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň öňdebaryjysy bolup durýar. Ýygyndy toparymyz şu ýylyň 25-nji fewralyndan 7-nji marty aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde Aziýa yklymynyň iň güýçli gylyçlaşyjylary bilen bäsleşer.

Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýalary geçen ýylyň noýabrynda döredildi. Ýurdumyzdan başga-da, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan onuň esaslandyryjylary bolup çykyş etdiler. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. (TDH)



Degişli Habarlar