Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak, netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda güýje giren şertnama bellenilen ähli meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin esas, olaryň binýady bolmaga gönükdirilendir. Şol şertnama dürli ugurlarda — syýasy ulgamda, däp bolan söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary depginli ösdürmekde netijeli özara hereket etmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topara iki döwletiň köptaraply mümkinçiligini amala aşyrmakda ähmiýetli orun berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň birinji çärýeginde geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň meselelerini hem duşuşygyň gün tertibine girizmek meýilleşdirilýär. Bu ulgam uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä derejesindäki bu iki döwlet üçin strategiki ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklarynda gaz meselesine täze, geljege gönükdirilen iri möçberli ylalaşyklaryň nazara alnyp garalýandygyna kanagatlanma bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň örän möhüm orna eýe bolmagyndaky Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny hem-de 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady birleşiginde kemala getiriljek umumy elektroenergetika bazaryny baglanyşdyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli gün tertibinde parlamentara gatnaşyklaryň, şol sanda degişli ugurlaryň komitetleriniň arasyndaky hem-de halkara derejelerdäki gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini belledi.

Şeýle-de ynsanperwer gatnaşyklaryň, bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Ýokary derejeli hünärmenleriň bellemegine görä, sebitde iň oňat hasaplanylýan A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy orta bilim mekdebi taryhy we ruhy umumylygy bilen arabaglanyşykly bolan iki doganlyk halkyň dostlugynyň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilendir.

Türkmenistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda yzygiderli guralýan döredijilik çäreleri — festiwallar, maslahatlar, sergiler, kino günleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, sirk artistleriniň çykyşlary we beýleki çäreler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň özboluşly köprüleridir. Bu ulgamda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri hem köpýyllyk gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna we baýlaşmagyna hyzmat edýär.

Ylym-bilim ulgamynda hem ulgamlaýyn we uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýan gatnaşyklar ýyl-ýyldan giňelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda gazanylan ylalaşyklar munuň subutnamasydyr. Bu bolsa ylmy işler, talyplary alyşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny döretmek üçin oňyn mümkinçiligi şertlendirýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, GDA-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýyl geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilmegi şol maslahatyň möhüm netijesi boldy. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşygynyň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aňlatdy.

Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lawrow Türkmenistanyň netijeli çemeleşmesine ýokary baha berdi. Şonuň netijesinde Hazar boýunça ençeme möhüm meseleleri çözmek mümkin boldy. Bellenilişi ýaly, hut Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň derejesinde gepleşikler başlanyp, ol dürli ugurlarda Hazarda özara hereket etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama bolan Konwensiýa gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy hem-de Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy goşmak bilen, Hazarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm resminamalar taýýarlanyldy we kabul edildi. Şeýle hem türkmen Lideriniň teklibi boýunça Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistan taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirer hem-de Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň nobatdaky, altynjy sammiti şu ýerde, Türkmenistanda geçiriler. Umuman, biziň hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga oňat esaslarymyz bar diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol çäreleriň hatarynda daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Ykdysady geňeşiň mejlisleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy hem-de beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolup, Arkalaşygyň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydyr. Arkalaşygyň döwletleriniň halklary bilen türkmen halkyny öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak gatnaşyklary taryhy taýdan baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna daýanmak bilen, täze anyk many-mazmuna eýe bolup, mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.
Sebit we halkara meseleleri barada hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek, netijeliligini görkezen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek barada bir pikire geldiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem sapak berip, çykyş etdi. (TDH)



Degişli Habarlar