Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi

1137958
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi

Düýn irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Soňky döwürde ýurdumyzda welosiped sporty işjeň ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde esaslandyrdy. Bu waka Milletler Bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň hem-de halkara giňişlikde ýurdumyzyň abraýynyň belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn-durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize, ozaly bilen, ýaşlara ajaýyp görelde görkezýär. Ine, bu gün hem dynç güni, milli Liderimiz sport bilen meşgullanyp, nobatdaky gezek beden taplygyny görkezdi.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerden ak mermerli binalary özünde jemleýän Aşgabadyň ajaýyp keşbi açylýar. Gyş paslynyň ahyrky aýynyň jana tenekar arassa dag howasy, täsin tebigy görnüşler, dünýäniň gözel şäherleriniň hatarynda tanalýan paýtagtymyzyň günsaýyn özgerýän keşbi aýratyn täsir galdyrýar. Bularyň hemmesi ruhuňy belende göterip, güýç-gaýratyňy artdyrýar hem-de beýik işlere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin hemme zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu giň möçberli, köpugurly işleriň miwelerini görmek bolýar.

Watanymyzy bagy-bossanlyga büremegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde el bilen döredilen tokaýlar ösüp kemala geldi. Ak mermerli paýtagtymyz bilen çäkleşýän Köpetdagyň gözel künjekleri hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýaýylyp gidýän gojaman Hazaryň kenary ýaşyl begrese beslenip, dünýäniň giň sähralyklarynyň birinde — Garagumda gök zolaklar emele gelýär.

Bularyň hemmesi watandaşlarymyzyň bähbidine, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, çünki milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary syýasy ýörelge bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjini tamamlap, daşky gurşawyň gözelligini, tebigatyň şu ajaýyp künjegini synlady, bu ýerde döredilen, çäkleri ýylsaýyn giňelýän tokaý zolaklarynda geçirilen işler bilen tanyşdy. Şol işleriň netijesinde, paýtagtymyzyň günbatar bölegi we golaý-goltumy tanalmaz derejede özgerdi.

Ählihalk ýowarlary geçirilende paýtagtymyzyň dag eteklerinde arçanyň, pürli we saýaly agaçlaryň millionlarça nahallary oturdylyp, olar eýýäm gür baglara öwrüldi. Gök öwüsýän baglar tebigata oňaýly täsir edip, tomsuň yssy günlerinde tenekar howanyň jana ýaramlylygyny ýokarlandyrýar hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar.

Daşky gurşawy goramak we gözel tebigata aýawly garamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da artdyryp, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, ilkinji nobatda, şolara ynsan saglygyny goramagyň iň gowy serişdesi hökmünde garamagy yzygiderli alyp barýan durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek üçin ähli şertleri döretmek şol syýasatyň maksady bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna geldi, bu ýerde asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan halkymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykdy, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça uly işler geçirilýär.

Köpetdagyň eteginde ýerleşen Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň saýlama atlary üçin ajaýyp şertler döredildi. Bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden gözelligine örän mähirli garalýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýerde behişdi bedewleriň tohumynyň arassalygyny saklamak, olaryň beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhubelent atly bedew bilen didarlaşdy. Bedew eýesini dessine tanap, gulaklaryny keýerjekledip, başyny belent tutup, mähriban Arkadagymyzyň ýanyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, sagdynlyk we ruhubelentlik şygary bilen geçen 2017-nji ýylyň başynda dünýä inen taýçanaga mähriban Arkadagymyz Ruhubelent adyny dakypdy. Häzir bedew iki ýaşap, mähriban Arkadagymyzyň seýisçilik zehini we mähri bilen gurşalyp alyndy.

Ruhubelent mähirli garaýşy duýup, döwlet Baştutanymyzyň elleriniň her bir hereketine, sesine diňşirgenip, özüni arkaýyn duýdy. Şeýle pursatlarda asyrlaryň dowamynda ynsan bilen atyň arasynda emele gelen hem-de milli atçylygyň we atçylyk sportunyň ösüşiniň täze döwrüniň esasyna öwrülen içerki arabaglanyşygyň manysyna akyl ýetirýärsiň.

Türkmen atlarynyň ynsan gylykly häsiýetleri, olaryň çeýeligi, gözelligi bedewleriň reňk öwüşgini bilen utgaşyp, has-da özboluşlylygy özüne çekijiligi emele getirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynda ýazýar. Gözelligi we syratlylygy bilen tapawutlanyp, eýesiniň islegini gözünden aňýan bedewler özüne bildirilýän mähre mähribanlyk bilen jogap berýärler.

Mälim bolşy ýaly, Ruhubelendiň nesil ugry ady rowaýata öwrülen meşhur Pereňden gaýdýar. Bu nesil ugrunda dünýä belli atlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem meşhur ahalteke bedewi bolan Polatlydyr. Öz döwründe owadanlykda hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk Polatly dünýäniň dürli ýurtlarynda ençeme çempionlyk derejelerini, baýraklary eýeledi. Ol dünýä rekordyny gazanyp, köp ýyllaryň dowamynda oňa taý gelen bedew tapylmady.

Ahalteke bedewi işjeň, döredijilikli güýçleriň, ylhamyň, ruhy ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň täze eýýamynyň ruhy joşgunyny özünde jemleýär. Türkmen şahyrlary ähli döwürlerde ata-babalarymyzyň beýik maksatlara ýetmeginde deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, milli buýsanjymyza hem-de tutuş adamzadyň gazanan genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly setirleri döretdiler, halkymyz bolsa olary şu günlere alyp geldi. Behişdi bedew — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, tutuş adamzadyň baýlygydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhubelende esger ýörişini etmegini yşarat edende, bedew eýesiniň bu sözlerine düşünýän mysaly, belent ruh bilen nyzamly ýörişi amala aşyrdy.

Bu görnüşler ynsan bilen behişdi hasaplanylýan bedewiň özara mähirli gatnaşygyny äşgär etdi.

Şonuň üçin olaryň «behişdi bedewler» diýip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Ynsan gylykly bedewiň akylly gözleri bilen mähirli garaýşy, onuň mähribanlygy asyrlar aşyp gelýän atşynaslygyň milli däpleriniň netijeli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Tejribeli seýisleriň belleýişleri ýaly, atşynas bilen bedewiň arasyndaky mähir edil ata-ogul mysaly ýagdaýa öwrülýändigini alamatlandyrýar. Şeýlelikde, eýesiniň islegini gözünden aňýan bedewler özüne bildirilýän mähre mähribanlyk bilen jogap berýärler. Şeýle hem Ruhubelendiň mähriban Arkadagymyzyň yşaraty boýunça çarpaýa galmagy ajaýyp pursatlara öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Miras atly bedewde çapuw ýodasyna çykdy. Ahalteke bedewleriniň özboluşlylygy, olaryň gylyk-häsiýeti çapyksuwardan diňe ussatlygy däl-de, eýsem, atyň duýgularyna düşünmek ukybyny hem talap edýär. Milli Liderimiz Miras bilen ýola düşüp, at münmegiň ajaýyp endiklerini nobatdaky gezek görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atly ýöräp barşyna tebigatyň gözelliklerini synlady.

Atlary ösdürip ýetişdirmegiň tebigat bilen sazlaşykda amala aşyrylýandygyny, türkmenleriň tohum atlaryny kemala getirmekde olaryň tebigy aýratynlyklary bilen köpasyrlyk halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk sungatyny utgaşdyrýandygyny bellemek gerek. Türkmen atlarynyň ynsan gylykly häsiýetleri, olaryň çeýeligi, gözelligi bedewleriň reňk öwüşgini bilen utgaşyp, has-da özboluşlylygy özüne çekijiligi emele getirýär. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasynyň miwesi bolup, olar häzirki döwürde döwrebap derejede ösdürilýär we kämilleşdirilýär.

Ahalteke bedewi täze döwrüň — ylham-joşgun, ruhubelentlik döwrüniň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini aňladýar. Bu bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda-da beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanmasyny alamatlandyrýar. (TDH)



Degişli Habarlar