Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

 Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de şol bir wagtyň özünde Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge, bugdaýa ösüş suwuny tutmaga, maýsalary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreler, dökün, suw we tohum bilen üpjünçilik işleriniň ýagdaýy hem-de ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, welaýatda gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatda gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmek, şeýle hem täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty goramak hem-de has oňaýly ekologiýa gurşawyny döretmek meselelerini sowatly çözmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldymamedowanyň ýaş çaga seretmek döwründäki rugsady bilen baglanyşykly, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Toporowanyň üstüne ýükleýändigini aýtdy.

Sanly wideoaragatnaşygyň barşynda gol çekilen resminama dessine elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy boýunça häkime iberildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrma ulgamy döwlet dolandyryş edaralarynda kabul edilen çözgütleri çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada aýdyp, daýhanlary dökün, suw we tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini ekmegiň meýilnamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatda gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, ylmy çemeleşmäniň esasynda hem-de türkmen halkynyň baý ekerançylyk tejribesini nazara almak bilen, welaýatda ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça görkezmeleri berdi.

Ösümçilik hojalyklarynyň önümlerini artdyrmak, gök, bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak üçin günbatar sebitiň toprak-howa şertlerini netijeli peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz bu wezipäniň tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, daşky gurşawa aýawly garamagyň esasynda çözülmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýtdy. Olar welaýatlarda özgertmeler maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmediler, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem üstünlik gazanmagy başarmadylar. Başga-da köp kemçiliklere ýol berdiler diýip, milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçdi hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin R.Wezirowy welaýatyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä T.Erepowy belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine T.Mämmedowy, Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bolsa H.Allaberdiýewi bellemek barada degişli Kararlara gol çekdi.

Sanly wideoaragatnaşygyň barşynda gol çekilen resminamalar dessine elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy boýunça welaýatyň häkimine ugradyldy. Bu bolsa döwleti dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tapgyrlarynyň birine öwrüldi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabatlary bilen dowam etdi, häkim demirgazyk welaýatda işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyp, 2019-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem welaýatda oba hojalykçylaryň dökün, suw we tohum bilen üpjün edilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň hajatlary, olaryň önjeýli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi hemişe ýolbaşçylaryň üns merkezinde bolmalydyr diýip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça ähli guramaçylyk we agrotehniki işleri takyk hasaplamalaryň we iş tertibiniň esasynda geçirmek barada görkezme berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda-da gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmegi, şeýle hem täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylda welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini belläp, olaryň Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändigini, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem üstünlik gazanmagy başarmandyklaryny, şeýle hem başga köp kemçiliklere ýol berendiklerini aýtdy. Milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin B.Gylyjowy welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu wezipä S.Meredowy belläp, ony Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu etrabyň häkimi wezipesine D.Myradowy belledi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin Ý.Saparowy hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Orunbaýewi belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem G.Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi.

Gol çekilen resminamalar dessine elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly welaýat häkimine iberildi. Häkim Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary we Permanlary bilen şol wagtyň özünde tanyşdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew bilen Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat berdiler. Häkim welaýatda geçirilýän işler barada habar berip, oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy barada aýtdy, şeýle hem ol welaýatda ekerançylaryň zerur bolan möçberde dökün, suw we tohum bilen üpjün edilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk görmek üçin zerur bolan agrotehniki çäreleri geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň ekin meýdanlaryny giňeltmegi, täze gurlan obalarda bolsa baglary, esasan hem, miweli baglary köpräk ekmegi tabşyrdy. Munuň özi tebigatymyzyň biodürlüligini saklamak babatda örän möhümdir diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde ekologiýa ugruna ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, M.Nurmyradowany welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Durdyýewany belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamynda ýolbaşçylaryň alyp barýan işlerine jogapkärçiligini artdyrmagynyň möhümdigini belläp, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Ýolbaşçylar özlerine ynanylan wezipäni hem-de öňde goýlan tabşyryklary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen, olaryň doly derejede berjaý edilmegini gazanmalydyrlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ş.Annamyradowy başga işe geçmegi sebäpli, Saýat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Hudaýnazarowy belledi.

Gol çekilen Permanlar we Kararlar şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly welaýat häkimine iberildi. Häkim hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary bilen tanyşdy.

Soňra maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabatlary bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ýerleri hem-de ekişde ulanyljak tehnikalary we enjamlary taýýarlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilişi, şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň meýilnamasy, şonuň ýaly-da welaýatda dökün, suw we tohum bilen üpjünçilik işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim gowaçanyň, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri barada aýdyp, suwy netijeli peýdalanmak boýunça meýilnamanyň düzülendigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hem-de suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz jogapkärli ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, ýerlerde daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň ýagdaýyny öz wagtynda gözden geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Mary welaýatynda ekilýän gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we ir-iýmişleriň möçberini artdyrmak barada görkezme berip, täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge amatly howa şertlerinden peýdalanyp, häzirden ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz milli ekologiýa maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bag ekmek işiniň uly ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy, oba zähmetkeşleriniň hal-ýagdaýynyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň şol işleriň üstünlikli geçirilmegine baglydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ýerleri ekişe taýýarlamagyň depginlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçlendirmegi tabşyrdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem-de döwlet dolandyryş edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri barada aýdyp, bu ugurda birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylandygyny belledi.

Täze şertler we tehnologiýalar hökümetiň işine hem düýbünden täze çemeleşmeleri talap edýär. Maglumatlaşdyrmak döwlet edaralarynyň işine täsir edýän esasy şerte öwrülýär. Dolandyryş düzüminde sanly ulgam bilen bagly meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlislerinde hem-de käbir wise-premýerleriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda hem gozgady.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda milli Liderimiz gol çeken resminamalaryny şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly welaýat häkimlerine iberdi, olar resminamalary ellerine dessine aldylar. Resminamalaryň wagt ýitirmezden tassyklanan we hasaba alnan görnüşde bellenilen ugra gowuşmagy uly ähmiýete eýedir.

Elektron resminama dolanyşygynyň şeýle ulgamy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça eýýäm Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ornaşdyrylýar. Ol döwlet häkimiýetiniň dürli edaralarynyň iş akymlaryny bir bitewi iş gurşawyna baglamaga ýardam eder, bu gurşaw sanly esasda ösýän pudagara gatnaşyklaryň tehniki mümkinçiliklerini peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda tabşyryklary berip, bu işleri dowam etmegiň, elektron resminama dolanyşygyny oba hojalyk ulgamynda hem giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi, munuň özi gyssagly çözgütleri kabul etmek üçin gündelik maglumatlary we dolandyryş gurallaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Aşgabady düzümleýin ösdürmek, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ony abadanlaşdyrmak, ýaşaýjylar hem-de şäheriň myhmanlary üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa iri ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, şäher hojalygynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, olarda işleri awtomatlaşdyrmaga hem-de şäheriň sanly ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de häzirki zaman usullaryny öwrenmegi, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça gurluşyk taslamalary we meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda şolary göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz şäherde, aýratyn-da, onuň täze döredilen etraplarynda bag ekmäge häzirden ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl şäheriň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýdyp, A.Orazmämmedowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, şäher häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy we bu wezipä R.Annaorazowy belledi.

Milli Liderimiz B.Baýramdurdyýewi hem özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä B.Gurbanowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz gol çeken resminamalaryny elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly şäher häkimine iberdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlenip, Aşgabadyň täze desgalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň we edara binalarynyň, binagärlik toplumlarynyň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda döwrebap, amatly we owadan şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen ýylymyzda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar