Rowaçlygyň Watany — Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi

1126476
Rowaçlygyň Watany — Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylar düzümine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak boýunça degişli çäreleri görmeli, munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin möhümdir.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi.

Bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy.

Konsepsiýany üç tapgyrda (Olaryň birinjisini — 2019-njy ýylda, ikinjisini — 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünjisini — 2024 — 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşdy, ol ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredildi. Sanlaşdyrmak meseleleri maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanalarynda öz çözgüdini tapdy, şolarda kompýuter programmalary, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň innowasion usullary işlenip taýýarlanylýar.

Konsepsiýanyň möhüm bölümleriniň hatarynda sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny — Internet-üpjünçilik ulgamlaryny berkitmek bar. Munuň pudaklary ösdürmegiň esasy şertidigini nazara almak bilen, ilaty, telekeçiligi we döwleti bu ugra çekmegiň derejesini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde belli bir aralykdan sapak bermek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy milli we halkara ölçeglerine, häzirki talaplara kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir.

Internet hyzmatlaryň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça üznüksiz bilim almaga, belli bir aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetiň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belleýär.

Ýurdumyz durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we ýokary hilli maglumat tehnologiýalary ulgamyna täze zatlary çekmegiň işjeň tarapdary bolup durýar. Türkmenistan milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşiň wezipelerini nazara almak bilen, dünýä tejribesinde ähli täze zatlar üçin açyk bolup, dünýäniň döwletleri bilen mäkäm gatnaşyklary gurýar, daşary ýurt institutlary we abraýly guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň guramagynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahatynyň geçirilmegi munuň mysallarynyň biri bolup durýar.

Maslahata Maliýe we ykdysadyýet, Aragatnaşyk, Bilim ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki ugurlaryň hünärmenleri gatnaşdylar. “Skolkowo” müdirliginiň Moskwa mekdebiniň wekilleri bilermenler hökmünde bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine synlary bilen çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistan — BMG ÖM hyzmatdaşlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnamanyň esasy maksady maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekden hem-de ýurdumyzyň jemi içerki önüminde bu ulgamyň goşandyny artdyrmakdan, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda “sanly tapawudy” aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Maksatnama milli ykdysadyýetimizi innowasion ýola geçirmegi çaltlandyrmaga, ylym işini talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi artdyrmaga, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron resminama dolanyşygyna hem-de şahsyýete elektron meňzetme ulgamyna doly geçmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan telelukmançylygyny, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan maslahatlary we bilimleri bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi ýurdumyzyň edaralarynda öňdebaryjy sanlaşdyrmak tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistan Aragatnaşyk babatda sebit arkalaşygynyň (ASA) doly hukukly agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy tehnologik serişde hökmünde maglumatlaryň ulanylmagyna esaslanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýalar ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkidýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Aragatnaşyk we maglumatlar babatda sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar, şonda sanly ulgama geçmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport ugurly harytlaryň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler geçirildi. Netijede, geçen ýyl elektron banking düzüminiň, nagt däl tölegleriň möçberiniň, onlaýn-hyzmatlar arkaly karzlaşdyrmagyň artmagy bilen tapawutlandy, şeýle hem Internet-bank hem-de mobil-bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Olaryň üsti bilen, ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, haryt-pul gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolýar.

Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, degişli ugra öňdebaryjy enjamlary we täzelikleri ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň tiz çözülmegi netijesinde ýurdumyzda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp ugurly ulgamy üstünlikli hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bütindünýä ulgamyna elýeterlilik ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge itergi berer.

Internetden islendik maglumaty almak mümkinçiligi türkmenistanlylaryň gündelik durmuşyna we işine oňyn täsirini ýetirer. Bu maglumatlaryň peýdalanylmagy has oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine, dünýäde bolup geçýän wakalara çuňňur düşünmäge ýardam eder. Galyberse-de, önümçilikde enjamlary ulgama birikdirmegiň hasabyna gözegçilik, dolandyryş we abatlaýyş işleri awtomatlaşdyrylar, bu bolsa, adamyň zähmetini ep-esli ýeňilleşdirer.

Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümi döretmek we tehniki taýdan üpjün etmek boýunça maksatnamalara badalga berildi. Şeýlelikde, ýakyn üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Olar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, Watanymyzyň alys künjeklerinde Internede giň zolakly mümkinçiligi üpjün etmek bilen bir hatarda aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Sarp edijilere ýokary derejede telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlary getirmegiň tizligini artdyrmak üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda optiki-süýümli kabelleri çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudagara maglumatlaryň alşylmagyny gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Häzir Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça sekuntda 20 Gigabite barabardyr. Ýakyn geljekde ony bäş esse — 100 Gbit/s çenli artdyrmak meýilleşdirildi, welaýat merkezlerinde bu görkeziji 40 Gbit/s golaý bolar, etrap merkezlerinde 10 Gbit/s, etrap merkezleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň arasynda 4 Gbit/s çenli bolar.

Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory olary öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G bilen doly üpjün etmegi meýilleşdirýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz boýunça aragatnaşyk örtügi 100 göterime deň bolar.

Bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary — jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usuly bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, maglumatlar bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülip, onuň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady işlerine öz täsirini ýetirer.

Sanlaşdyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň ýene-de biri kitaphana işidir. Wagtyň geçmegi hem-de täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen okamagyň özi düýpli özgerdi. Häzir kitaplar elektron görnüşinde hem-de onlaýn düzgüninde elýeterli bolup, kompýuteriň ýa-da ykjam telefonyň üsti bilen kitaphana “girmek” hem-de gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Şeýle usullary Türkmenistanda hem giňden ornaşdyrmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Kitaphana kitaplaryň däbe öwrülen saklawhanasy hem-de medeniýetiň ojagy bolmak bilen, okyjylaryň isleglerine laýyk gelip, olar bilen, şol sanda hyýaly gurşawda işjeň aragatnaşykda bolmalydyr. Watandaşlarymyzyň gündelik durmuşynyň işiniň, dynç alyş wagtynyň, aragatnaşykda bolmagynyň we bilim almagynyň agramly bölegi şol gurşawa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Mysal üçin, Döwlet kitaphanasynda okyjylaryň 70 müňüsi bellige alnypdyr, bu ýere her gün okyjylaryň 400-e golaýy gelýär, olaryň agramly bölegi bilim alýan ýaşlardyr. Yzygiderli ulanýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň barlag we bilim jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem tejribe geçýän hünärmenler bar.

Häzir Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we iň gowy dünýä tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Kitaphanalaryň işgärleriniň arasynda sanly nou-haulary peýdalanmak bilen, olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýän usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistan — baý taryhy däpleriň aýawly saklanýan ýurdy bolup, şol bir wagtda sazlaşykly medeni gurşaw ösdürilýär. Bu ugurda döwlet syýasaty jemgyýetiň ruhuny berkitmäge, onuň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkymyzyň medeni-ahlak gymmatlyklaryny goramaga we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphanalaryň innowasion işlere has işjeň gatnaşmagyny ugrukdyrýar.

Döwrebap ylmy bilimler halkara ykdysady, medeni, tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde ýurdumyzyň eýeleýän orny günsaýyn giňelip, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleri çykarýan innowasion senagat kärhanalary işe girizilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlary boýunça ýurdumyzyň hünärmenleri Internet-üpjünçilik serişdeleriniň artýan ornuny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan innowasion ösüşini ugur edinip, olary peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasyny işläp taýýarladylar.(TDH)



Degişli Habarlar