Jemgyýet Kaşaň türkmen öýleri — ösüşiň we ruhubelentligiň nyşany

“Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy

Jemgyýet Kaşaň türkmen öýleri — ösüşiň we ruhubelentligiň nyşany

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Säher bilen ýakyn wagtda Balkanabatda, Daşoguzda we Türkmenabatda emele geljek binalaryň guruljak çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Ähli ýerlerde baýdaklar, şygarlar we dürli howa şarlary bu ýerleriniň bezegini artdyrdy. Ak öýler dikilip, amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. Estrada aýdymçylarynyň, halk bagşylarynyň, sazandalarynyň we folklor toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, türkmen milli sazlarynyň astynda joşgunly tanslar bilen utgaşdy.

Şanly waka mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleriniň wekilleri, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaralarda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynyň her bir güni beýik ýeňişlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça giň möçberli durmuş maksatnamalarynyň we iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär. Täze kärhanalar we fabrikler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeniýet we sport toplumlary gurulýar. Döwrebap ulag düzümi döredilýär.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda täze gurluşyk-binagärlik maksatnamalary durmuşa geçirildi. Welaýatlaryň ähli ilatynyň adyndan bu ýere ýygnananlar Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan netijeli çäreler, türkmen halkynyň baý taryhynyň, özboluşly medeniýetiniň aýawly saklanmagynda, dünýäde giňden wagyz edilmeginde, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda edilýän alada aýratyn üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Welaýatlarda gurluşygyna badalga berlen “Türkmeniň ak öýi” binalary 3 müň adama niýetlenendir. Munuň özi ägirt uly konsert zaly, umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin dabaralary, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen sahna bolmak bilen, ägirt uly ak öýüň görnüşinde bina edilýär.

Şunuň ýaly ilkinji medeni-durmuş maksatly bina 2015-nji ýylyň noýabrynda Mary welaýatynda guruldy. Mary şäherine “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty 2015” derejesiniň berilmegi mynasybetli bu ýerde jemleýji dabara geçirildi. Şonda türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu ägirt uly binada baýramçylyk çäreleri geçirilýän mahalynda 4 müň adamyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy ýerine ýetirildi. Şonda bu waka Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýä rekordy hökmünde girizildi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmeniň ak öýi” binasy Ahal welaýatynda açyldy. Bu ajaýyp bina Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde, “Nowruz” ýaýlasynda guruldy. Şol ýerde her ýylda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan bahar baýramy bolan Nowruz baýramy geçirilýär.

Köpsanly halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri hem girizildi. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna bolsa küştdepdi aýdym we tans sungaty hem-de “Görogly” eposy girizildi.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny we “Badhyz” döwlet gorahhanasyny,, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny hem-de ahalteke atçylyk sungatyny girizmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Şu günler Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň nobatdaky duşuşygy geçýär. “Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki we geljekki ösüşiniň ähmiýeti” atly Halkara maslahat hut şu mowzuga bagyşlandy. Ol paýtagtymyzda 6-njy dekabrda açylar.

Häzirki döwürde türkmen medeniýetine we onuň geçmişine däp-dessuryna, halkara derejesindäki gyzyklanmalar has-da artdy. Türkmenistan pederlerimiziň beýik ruhy mirasyny saklap we artdyryp, umumadamzat medeniýetiniň bütindünýä hazynasyna ägirt uly goşant goşýar. Dostluk, raýdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, ak öý --abadançylygyň, gülläp ösüşiň, dostanalygyň we türkmen myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany. Ak öý häzirki döwürde ýaşaýyş üçin peýdalanylmasa-da, däp-dessurlara, maşgala gymmatlygyna, öý-ojagyň mukaddesligine we agzybirlige goýulýan hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlary köpçülikleýin gurulýan döwründe hem diňe oba ýerlerinde däl, eýsem, şäher künjeklerinde hem ak öýleri görmek bolýar. Ol milli baýramçylyklaryň we maşgala dabaralarynyň baş bezegine öwrüldi.

Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy şäheriň günbatar künjeginde kemala gelýän kiçi etrapçalaryň biriniň çäginde gurlar. Onuň ýakynynda merkezinde 100 metr belentligi bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Balkan welaýatynyň häkimliginiň we edara ediş binalary ýerleşer.

Daşoguzda bu bina soňky ýyllarda şäheriň Ruhnama köçesiniň ugrunda kemala gelen binagärlik toplumynyň esasylarynyň birine öwrüler. Bu künjek döwrebap myhmanhanany, “Bagt köşgüni”, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumyny, aýlawy özünde jemleýär.

Öz nobatynda, Türkmenabatda bina ediljek täze bina şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ýakynynda gurlar. Şeýle hem bu ýerde Ruhyýet köşgi, “Bagt köşgi”, Merkezi sport toplumy we beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

“Türkmeniň ak öýi” binalaryny 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Ozal bellenilişi ýaly, äpet ak öýüň keşbindäki binada milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylar. Onuň içki bezegi hem milli bezeg aýratynlyklaryna eýe bolar. Onda, hususan-da, haly gölleriniň, bezeg ýörelgeleriniň şekilleri, türkmen ak öýlerine mahsus tärimleriň görnüşleri öz beýanyny tapar.

Umuman, “Türkmeniň ak öýi” binasy ýokary inženerçilik çylşyrymly ýörelgelerine eýe bolan özboluşly desgadyr. Taslama laýyklykda, bina häzirki zaman tehnologiýasyna laýyklykda enjamlaşdyrylar. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, sahnaly we manežli konsert zallary we beýleki otaglar bolar. Bu ýerde iň häzirki zaman enjamlary, akustik ulgam we giň möçberli maslahatlary, şowhunly çykyşlary, şol sanda şöhratly at üstündäki oýunlary guramaga niýetlenen zerur mümkinçilikler üpjün ediler.

Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Saýaly we pürli agaç nahallary, dürli bezeg gülleri ekiler we özboluşly yşyklandyryş ulgamy oturdylar. Mundan başga-da, bu ýerde sadaka çäreleri geçirmek üçin 3 müň orunlyk bina, dikuçar meýdançasy, awtoduralga, dürli inženerçilik-tehniki desgalar bolar.

Ýeri gelende aýtsak, bu ajaýyp binalary ýerli gurluşykçylar gurar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri durmuş, senagat we düzümleýin maksatly binalaryň gurluşygynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işleýänleriň hünär derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Bu bolsa olara iň çylşyrymly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Täze gurluşyklar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşýan ýurdumyzyň telekeçileri üçin ähmiýetli taslamalar bolup durýar.(TDH)


Etiketkalar: wekil , häkimlikler , ak öý

Degişli Habarlar