«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn.

Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işler Garaşsyz döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir.

Gadyrly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmek we kämilleşdirmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Garaşsyz döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy häzirki döwürde has-da ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. Bitarap ýurdumyz 2013 — 2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna, 2017—2021-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanyldy. Ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Görogly» şadessany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahat hem bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň düýpli ösdürilmegine täze badalga berer diýip umyt edýärin.

Gadyrly myhmanlar!

Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny örän uludyr.

Beýik Ýüpek ýoly dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara söwda, täjirçilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ýardam berip, gadymy döwürlerde ençeme halklary özara baglanyşdyrypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynda ýerleşýän gadymy galalar, kerwensaraýlar we taryhy-medeni ýadygärlikler bu dost-doganlyk ýolunyň şanly sahypalaryny özünde jemleýär.

Biz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, toplamaga hem-de ylmy esasda öwrenmäge, gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berýäris. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara ulag-aragatnaşyk ugrunyň möhüm bölegini emele getirýän demir we awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, ulag ulgamynyň döwrebap binalarynyň giň gerim bilen gurulmagy, ulag-aragatnaşyk ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap şertlerde täzeden dikeldilýändigini doly subut edýär. Elbetde, munuň özi biziň dost-doganlyk, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň Ýer ýüzünde rowaçlanýandygyny görkezýär.

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny düýpli öwrenmäge, häzirki we geljekki ösüşini kesgitlemäge uly ýardam berjekdigine ynanýaryn. Sizi halkara maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

(TDH)


Etiketkalar: wagyz , ynsanperwer , maslahat , halkara

Degişli Habarlar