Aşgabatda "Türkmenistanyň Nebiti we gazy-2018" atly XXIII halkara maslahat we sergi açyldy

22-nji noýabra çenli “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işini dowam eder

Aşgabatda "Türkmenistanyň Nebiti we gazy-2018" atly XXIII halkara maslahat we sergi açyldy

2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly däp bolan ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy.

Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Bu halkara sergisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-ä golaý kompaniýa we 200-e golaý wekil gatnaşýar.

Serginiň geçirilýän günlerinde daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, şeýle hem diňe bir nebitgaz pudagynda däl, eýsem, metallurgiýa, himiýa senagaty, energetika pudaklarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen bir hatarda, işewür we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin mümkinçilik alarlar. Bu bolsa nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berer.

Mundan başga-da, bu maslahata gatnaşyjy dünýä belli kompaniýalar tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegine we strategiki ugurlaryna degişli gyzyklanma bildirilýän ähli meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

22-nji noýabra çenli “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işini dowam eder. (Türkmenistan DIM)


Etiketkalar: gaz , nebit , sergi , maslahat , Aşgabat , Türkmenistan

Degişli Habarlar