«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara

Hor­mat­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta we ser­gä gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly myh­man­lar!

Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2018» at­ly XXIII hal­ka­ra mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Wa­ta­ny­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek we ony mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­ly ul­ga­my­na öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin!

Hor­mat­ly myh­man­lar!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak we bu ugur­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, her ýyl ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni göz­läp tap­mak­da, öz­leş­dir­mek­de we pu­da­gyň işi­ni hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk ge­tir­mek­de äh­mi­ýe­ti uly bo­lar.

Türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Eks­port et­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, kö­pu­gur­ly ge­çi­ri­ji ul­ga­my dö­ret­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Biz soň­ky ýyl­lar­da öz hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len gün­do­gar we gü­nor­ta ugur­lar­da bir­nä­çe iri tur­ba ge­çi­ri­ji­le­ri gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­dik. Ola­ryň stra­te­gik äh­mi­ýe­ti äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den, türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni iber­me­giň kö­pu­gur­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Soň­ky dö­wür­de bir­nä­çe iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­ň ama­la aşy­ryl­ma­gy Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da tä­ze ýan­gyç-ener­ge­ti­ka üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň dö­rän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy bol­sa se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi be­rer, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Hor­mat­ly myh­man­lar!

Ýur­du­myz­da ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan hem-de gaý­ta­dan iş­len­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da is­leg bil­di­ril­ýän dür­li ne­bit­gaz önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak ba­bat­da köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da ne­bit­hi­mi­ýa we gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge hem uly üns be­ril­ýär. Bu ug­ry ös­dür­mek, baý ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň gaý­ta­dan iş­len­ýän we eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bi­ziň esa­sy mak­sat­la­ry­my­zyň bi­ri­dir. Biz bu ugur­da gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýä­ris. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da

“Euro-5” stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän “EKO-5” ky­sym­ly mil­li di­zel ýan­gy­jy­nyň hem-de po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­niň ön­dü­ri­lip baş­lan­ma­gy hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bu­lar­dan baş­ga-da, se­bit we dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ýag­daý­la­ry­ny, gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri sel­jer­me­giň esa­syn­da gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Onuň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da po­li­mer­le­ri çy­kar­ýan iri önüm­çi­li­gi dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Bu we­zi­pe­ler pu­da­gyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ener­ge­ti­ka ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, kuw­wat­ly gaz­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry­nyň has hem ös­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der. Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de te­bi­gy gaz­dan “Euro-5” öl­çe­giň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­niň ýyl­da 600 müň ton­na­sy­ny ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy bu ugur­da ga­zan­ýan uly üs­tün­lik­le­ri­miz­dir. Ne­bit­gaz se­na­ga­ty­na de­giş­li şeý­le tä­ze tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi se­bit­le­ri­mi­zi top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ok­gun­ly ös­dür­mek, dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­mak we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge ýar­dam be­rer.

Hor­mat­ly adam­lar!

Si­ziň äh­li­ňi­zi «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2018» at­ly XXIII hal­ka­ra mas­la­ha­tyň we ser­gi­­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Si­ziň äh­li­ňi­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin! (TDH)


Etiketkalar: myhman , sergi , maslahat

Degişli Habarlar