Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly slowen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançylyk maksatlaryna esaslanýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, iki halkyň bähbitlerine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly slowen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi. (TDH)



Degişli Habarlar