Sanjymlary geçirmek ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir

Prezident Berdimuhamedow adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan etmek bilen, ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berýär

Sanjymlary geçirmek ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan etmek bilen, ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berýär.

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin esas goýujy strategiýalaryň biri bolan immuna öňüni alyş işlerini geçirmekde diňe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwälendirilen waksinalary satyn alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär.

Häzirki wagta çenli öňüni alyş sanjymlarynyň düzümine 11 ýokanç kesel — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielite, difteriýa, gökbogma, bürme, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna we adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine garşy sanjymlar girýär.

Bu sanjymlaryň düzümi yzygiderli ýagdaýda täze waksinalaryň goşulmagy bilen täzelenilýär, häzirki zaman kombinirlenen birnäçe ýokanç kesellere bir wagtda garşy durmakda immuniteti üpjün edýän waksinalara artykmaçlyk berilýär. Waksinalar adamy agyr görnüşli we howply ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan ýokary derejede goramaga mümkinçilik berýär.

Immuna öňüni alyş çäreleriniň ulanylmagy birnäçe kesellere garşy epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ygtybarly serişde bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda çagalara we uly ýaşly adamlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegiň ýokary derejesi (95-99 göterim) üpjün edildi. Immuna öňüni alyş işleriniň geçirilmegi we olara ilatyň işjeň gatnaşmagy netijesinde kesellemegiň pes derejesine ýetildi.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminiň düzüminde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän uly göwrümli ýöriteleşdirilen merkezi sanjym we immunobiologiki serişdeleri saklanylýan ammar bar. Onda waksinalary talabalaýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen sowadyjy we doňduryjy enjamlar göz öňünde tutulypdyr.

Sowadyjy enjamda gyzgynlyk derejesiniň saklanylmagyna gije-gündizleýin tertipde kompýuter maksatnamasy esasynda gözegçilik edilýär, munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «sowuklyk zynjyryny» berjaý etmek boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkünçilik berýär. Ammarda waksinalaryň, şprisleriň, iňňeleriň, howpsuzlyk gutularynyň, termokonteýnerleriň saklanyş şertlerine gözegçilik etmek boýunça otaglar bar.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminde Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça ýerlerde immunologiýa işleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar elektron görnüşinde gelip gowuşýar we seljerilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň binýadynda okuw merkezi guraldy, onda waksinalaryň saklanylmagyna jogapkär hem-de immuna öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly hünärmenler taýýarlyk okuwyny geçýärler. Okuw gollanmalary bu ulgamda täze maglumatlaryň peýda bolmagy göz öňünde tutulyp, her ýyl täzelenýär.

Berk immuna goraglylygy saglygyň kepili hem-de adam bedeniniň islendik kesele garşy durmagynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Sowuk günleriň gelmegi bilen immuna ulgamyny B we С witaminler topary bilen baýlaşdyrmak zerurdyr. Wirusly kesellerden goranmak üçin şahsy gigiýenanyň talaplary berjaý edilmelidir. Elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmak, otaglary bir günüň dowamynda üç-dört gezek ýelejiretmek we otagda çygly arassalaýyş işlerini geçirmek zerurdyr. Bular ýönekeý, emma netijeli usullar bolup, kesellemegiň ähtimallygyny peseldýär. Bu usullaryň netijelidigine garamazdan, dümewe garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek sowuklama kesellerinden goranmak üçin örän netijeli hasap edilýär. Häzirki wagtda ähli saglyk öýlerinde töwekgel hasap edilýän toparlara degişli adamlaryň arasynda dümewe garşy sanjymlar işjeň geçirilýär.

Türkmenistan şu ýylyň 22 — 26-njy oktýabry aralygynda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan dümew bilen baglanyşykly töwekgelçilikler hem-de bar bolan öňüni alyş çäreleri, hususan-da, sanjym geçirmek barada ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça çärä goşuldy.

Çäräniň geçirilýän döwründe öňüni alyş sanjym işleri geçirildi, degişli maglumat serişdeleri ýaýradyldy, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşigi guraldy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň binýadynda isleg bildirýänleriň ählisine möwsüm bilen baglanyşykly dümewiň garşysyna Ýewropanyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli waksinalary bilen sanjym geçirilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde gepatitiň, meningokokk ýokanç keseliniň we sary ysytma keseliniň dürli görnüşlerine garşy sanjym geçirilýär (habarlaşmak üçin telefon belgileri – 36-98-46; 36-90-67; 36-91-40; 36-91-38).

Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almak bilen, Siz diňe bir ýokanç keselleriň däl, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýra üzülmeleriň hem öňüni alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi.(TDH)



Degişli Habarlar