Dünýä çempionaty-2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär

Dünýä çempionaty-2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýronyň çempiony, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiji boldy.

Ol eýýäm ilkinji synanyşykda demir taýagy 181 kilograma çenli galdyryp, birden götermekde öňdebaryjy boldy. Eýran türgeniň soňraky synanyşygy dünýä rekordyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. S. Moradi meýdança üçünji gezekki çykyşynda 186 kilogram agramy götermek bilen arzyly rekordyny täzeledi. Hytaýly türgen Tao Tian 181 kilogramlyk agramlygy galdyryp, kümüş medala mynasyp boldy. Belarus türgeni Ýewgeniý Tihonsow bolsa 180 kilogramlyk demir taýagy göterip, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi hem-de üçünji orny eýeledi.

Itekläp götermekde Tao Tian hem ikinji synanyşykda 226 kilogramy galdyryp, täze dünýä rekordyny goýdy. Emma olimpiýa çempiony S.Moradi ikinji synanyşykda bu görkezijini 230 kilograma çenli artdyrdy. Hytaýly türgen üçünji synanyşykda 236 kilogramy galdyrmakçy boldy, emma güýji asgyn geldi. Eýran toparynyň wekiliniň üçünji synanyşygy hem şowsuz tamamlandy, eýsem-de bolsa ol çempionatda dünýä rekordlarynyň üçüsini täzeläp, altyn medallaryň üçüsine mynasyp boldy. Maşklaryň jemi boýunça häzirki pursatdaky rekord 416 kilograma barabardyr. Tao Tian kümüş sylaglaryň üçüsi bilen kanagatlanmaly boldy.

Itekläp götermekde üçünji orna Katar döwletinden bolan Fares Ibrahim Elbakha eýeledi. Ol 217 kilogram agramlygy götermegiň hötdesinden gelip, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Jemde Ýewgeniý Tihonsowyň ýaşlaryň arasynda goýan rekordy 390 kilograma barabar boldy, ýöne bürünç medaly bäsdeşinden bir kilogramy artyk göterip bilen rumyniýaly Nikolaýe Onika aldy.

Zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli agramlyk derejedäki ýaryşlarda birden götermekde 2016-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan Jong Sim Rim (KHDR) bilen 2015-nji ýylyň Aziýa çempiony Žoui Wangyň (Hytaý) arasynda esasy güýç synanyşyldy. Koreý türgeni üstünlikli synanyşyklaryň ikisinden soňra 119 kilogramy, ýagny 1 kilogramy artyk galdyryp, bäsdeşinden öňe geçdi. Üçünji synanyşyk başa barmadyk bolsa-da, Jong Sim Rim öňdebaryjylygynda galdy. Ekwadordan gelen Patrisiýa Barrera bolsa ýaşlaryň arasynda 117 kilogram agramlyk derejede dünýä rekordyny goýup, bürünç medala mynasyp boldy.

Itekläp götermekde hytaýly agyr atletikaçy ahmyrdan çykmagy başardy. Ýaryşda üçünji synanyşyga çenli öňdeligi koreýaly türgen eýeläp gelýärdi, ýöne ol 153 kilogramlyk demir taýagy götermekde asgyn geldi. Žoui Wanga bolsa 152 kilogram agramlygy götermegiň hötdesinden gelmek hem-de sportyň bu görnüşinde hem-de iki görnüş boýunça altyn medal almak başartdy. Bu görnüşlerde Jong Sim Rim hem kümüş medallaryň ikisine mynasyp boldy. Itekläp götermede Kolumbiýadan gelen Leýdi Ýesseniýa Arboleda bürünç medaly aldy. Maşklaryň jeminde üçünji orny bolsa itekläp götermekde 142 kilogramy we jemde 259 kilogramy galdyran hem-de ýaşlaryň arasynda iki rekordy goýmagy başaran Patrisiýa Barrera eýeledi.

Umumy hasapda iki altyn medaly eýeländikleri üçin Hytaý Halk Respublikasynyň topary bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy.

Şu gün, çempionatyň sekizilenji gününde, zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli we erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli agramlyk derejelerinde medallary almak ugrunda ýaryşlar bolar. (TDH)



Degişli Habarlar