Kastamonuda «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly maslahat geçirildi

Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi

TDIM saýty üçin.jpg
DSC_2946.JPG
DSC_2942.JPG
DSC_2797.JPG

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi. Şeýle hem, çäreleriň çäginde Hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi, türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabaralar guraldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Maslahata we tanyşdyryş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýaşar Karadeniz, Kastamonu welaýatynyň häkimi Tahsin Babaş, Kastamonu döwlet uniwersitetiniň rektory Seýit Aýdyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türki halklarynyň medeniýeti we sungaty halkara guramasynyň baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýaşar Karadeniz, Kastamonu welaýatynyň häkimi Tahsin Babaş, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Kastamonu döwlet uniwersitetiniň rektory Seýit Aýdyň, Türki halklarynyň medeniýeti we sungaty halkara guramasynyň baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy Hüseýin Ýüjel, Başkent uniwersitetiniň professor mugallymy Abdurahman Güzel we Gazi uniwersitetiniň doktory Emrah Ýylmaz çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki türkmen topraklarynyň üstünden geçendigini we türkmen halkynyň bu taryhy geçmişini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilendigi we şu nukdaýnazardan ýurdumyzda amala aşyrylan işler we çäreler barada giňişleýin bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça halkara ulag-logistika ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, energetika ulgamynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem parahatçylyga we howpsuzlyga esaslanýan daşary syýasy gatnaşyklary barada aýdyldy. 

Hususan-da, Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýaşar Karadeniz bu maslahatyň “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek bilen, şu ýylyň taryhy Ýüpek ýoly bilen baglylykda atlandyrylmagynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde çeşme bolup durýandygyny nygtady.

TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary D.Kaseinow hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň türk dilinde neşir edilmeginiň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde taryhda emele gelen siwilizasiýalary we medeniýetleri öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolup durýandygyny nygtady.

Başkent uniwersitetiniň professor mugallymy Abdurahman Güzel we Gazi uniwersitetiniň doktory Emrah Ýylmaz hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinden jümleleri okadylar we onuň ähmiýeti we manysy barada giňişleýin beýan etdiler.

Şeýle hem ylmy-amaly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan halkara ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi boýunça wezipeleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasy sowgat edildi.

Kastamonu döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň guran sergisi, şeýle hem türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly konserti maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.

 


Etiketkalar: maslahat , ilçihana , Kastamonu

Degişli Habarlar