Alymlaryň ýaş nesli — ylmyň we ýurdumyzyň geljegi

“Ýaş alymlar — berkararlygyň binýady” atly maslahat geçirildi

1074335
Alymlaryň ýaş nesli — ylmyň we ýurdumyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň ýurdumyzyň ylmyny has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyna bagyşlanan “Ýaş alymlar — berkararlygyň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahat Ylymlar аkademiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyna ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ýagdaýy hökmünde garalýandygyny bellediler. Milli Liderimiziň bu ulgamyň öňünde goýýan baş wezipesi ony hil taýdan dünýä derejesine çykarmakdan, barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň iş ýüzünde netije bermegini ýokarlandyrmakdan, şolary jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşynyň meselelerini çözmäge gönükdirmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ylmy-nazary bilimleri hem-de öňdebaryjy tehniki-tehnologik tejribäni peýdalanmaga esaslanan innowasion ykdysadyýete aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ylmy hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak işini depginli ösdürmäge strategik ähmiýet berlip, olary kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Maslahata gatnaşyjylar gysga döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly üns bermegi netijesinde, milli ylym ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylandygyny nygtadylar. Onuň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri ýöriteleşdirilýär, hünär ugurly institutlaryň düzümi kämilleşdirildi. Jemgyýetiň ösmegine ýardam berýän ylmy we innowasiýa işjeňligi okgunly ösdürilýär, ylmyň hem-de tehnikanyň gazananlary tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar, dürli ugurlarda täze bilimleri özleşdirmek üçin hemme şertler döredilýär. Bularyň ählisi ýokary derejeli alymlaryň we hünärmenleriň ýaş nesliniň taýýarlanylmagyna hem-de kemala gelmegine ýardam edýär.

Türkmen ýaşlarynyň döredijilikli başlangyçlary we barlaglary ylmy-tehniki, tehnologik hem-de innowasiýa ösüşleriniň depginini çaltlandyrmak işine saldamly goşantdyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň barha köp sanlysynyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen bäsleşikde öz işlerini görkezýändikleri bellenildi.

Nano, himiýa we kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman serişdelerini işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de tohumçylyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary, lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan meseleler boýunça uzak möhletleýin geljege gönükdirilen köptaraply, mazmuny boýunça çuňňur ylmy barlaglar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelerini durmuşa geçirmegiň guraly bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen we kuwwatly ýurtlarynyň biri hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda ýaş nesilleriň wekillerine beýik işleri, döwletimiziň halkara abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen açyşlary amala aşyrmak ynanylýar.

Milletimiziň döredijilik işgärleriniň wekilleri zehinli ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga işjeň çekmek bilen, alymlaryň täze neslini kemala getirmäge ýardam bermelidirler. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda bu ulgamda ileri tutulýan wezipelere hem-de şolary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çärelere uly üns berildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin döredilýän zerur şertler hem-de hemmetaraplaýyn goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.(TDH)



Degişli Habarlar