Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň açy­lyşyna gatnaşdy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gatnaşdy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň açy­lyşyna gatnaşdy

Düýn Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ba­dal­ga al­ma­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy.

Türk­men Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ral­ýan bu aw­to­ral­li ga­dy­my­ýet­de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň halk­la­ry­ny, döw­let­le­ri­ni we se­bit­le­ri­ni bir­leş­di­rip, bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­den uza­lan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ug­ry bo­ýun­ça geç­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­ňe bir tä­ze ta­ry­hy ýö­rel­ge­ler bi­len di­kelt­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, se­bi­tiň mö­hüm ulag ýo­ly bol­mak bi­len iri hal­ka­ra lo­gis­tik mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Bu ugur bi­ziň ýur­du­my­zyň amat­ly çäk ýag­da­ýyn­da ýer­leş­me­gi hem-de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän, ola­ryň iler­le­me­gi üçin anyk çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de yzy­gi­der­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.

Mu­nuň üçin hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ulag dü­züm­le­ri dö­re­dil­ýär, aw­to­ban­lar çe­kil­ýär. Hal­ka­ra po­lat ýol­la­ry, de­mir ýol we aw­to­ýol köp­rü­le­ri, tä­ze ho­wa men­zil­le­ri gu­rul­ýar. Wa­ta­ny­myz­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly şy­gar bi­len geç­ýän 2018-nji ýy­lyň özün­de ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da iri des­ga­la­ryň iki­si — Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra de­ňiz por­ty we Türk­me­na­bat­da hal­ka­ra ho­wa men­zi­li gu­rul­dy.

Le­ba­byň tä­ze ho­wa der­we­ze­si di­ňe bir bu we­la­ýa­tyň ho­wa gat­naw­la­ry­na bar­ha art­ýan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, Amy­der­ýa bo­ýun­da­ky şä­he­riň hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň iri se­na­gat mer­ke­zi­ne öw­rül­ýän se­bi­ti­niň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi hök­mün­dä­ki de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu şä­her ga­dy­my Amu­lyň mi­ras­dü­şe­ri­dir, bu ýer­de Eý­ra­na, Hin­dis­ta­na, Gün­do­gar Ýew­ro­pa... bar­ýan köp san­ly söw­da ýol­la­ry bi­ri­gip­dir. Hut şu ýer­den hem aw­to­ral­li ba­dal­ga alar, onuň ug­ry ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň çä­gin­den, be­ýik Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň üs­tün­den ge­çer hem-de Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky Awa­za­da ta­mam­la­nar.

Düýn Türk­me­na­bat şä­he­ri dür­li ýurt­lar­dan ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­la­ry, ola­ryň to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­ny, žur­na­list­le­ri we köp san­ly myh­man­la­ry gar­şy­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da ba­dal­ga be­ril­jek ýer­de iň soň­ky taý­ýar­lyk iş­le­ri gid­ýär, 80-den gow­rak to­par ýo­la ug­ra­maz­dan ozal ulag­la­ry iç­gin teh­ni­ki bar­lag­dan ge­çir­ýär, şun­da sport ula­gy hem-de sü­rü­ji­niň äh­li egin-es­bap­la­ry (baş gap, ly­ba­sy, el­lik­le­ri, aýak­ga­by) kes­git­li stan­dart­la­ra la­ýyk gel­me­gi ba­ba­tyn­da gö­zeg­çi­lik­den ge­çi­ril­ýär.

Şeý­le hem düýn gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Türk­me­na­bat­da je­nap Žan-Lui Şles­se­riň, ýa­ryş­la­ryň di­rek­to­ry Re­ne Met­siň hem-de ral­lä gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­dan bel­li tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da bri­fing ge­çi­ril­di. Onuň öň ýa­nyn­da to­par­la­ryň ag­za­la­ry­na il­kin­ji ýol ki­ta­by paý­la­nyl­dy.

Žan-Lui Şles­ser du­şu­şy­gy açyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ral­li­ni gu­ra­ma­ga be­ren ägirt uly ün­si hem-de gol­da­wy, aw­to­mo­bil spor­tu­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi üçin uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ne eýe bo­lan bu tas­la­ma­nyň çä­re­le­ri­ne hut özü­niň gat­naş­ýan­dy­gy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. Ol Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän ral­li­niň bü­tin Ýer ýü­zü­ne bu aja­ýyp ýur­dy ýa­kyn­dan ta­na­ma­ga, onuň örän baý mi­ra­sy­ny öz­le­ri üçin aç­ma­ga, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri hem-de te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni oňyn çöz­mek ba­ba­tyn­da bu ýer­de top­la­ny­lan tej­ri­be ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Bri­fin­giň do­wa­myn­da ýol ug­run­da CPS ul­ga­my­ny ulan­mak bo­ýun­ça dü­şün­di­riş­ler, beý­le­ki mas­la­hat­lar be­ril­di, düz­gün­ler hem-de kä­bir beý­le­ki ka­da­lar anyk­la­nyl­dy. My­sal üçin, Şles­se­riň aý­ra­tyn bel­leý­şi ýa­ly, eger-de haý­sy­dyr bir to­par ýol­da kyn ýag­da­ýa dü­şen beý­le­ki to­pa­ra kö­mek et­se, şon­da ýi­ti­ri­len wag­tyň pel­le­ha­na­da ha­sa­ba alyn­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň ýa­ly ýa­ryş­la­ra mah­sus bo­lan bäs­deş­lik öza­ra gol­daw we kö­mek ber­mek ýa­ly hoş­ni­ýet­li hä­si­ýet­le­ri ara­dan aýyr­ma­ly däl­dir. “Amul — Ha­zar” ral­li­si bu ba­bat­da hem nus­ga bol­ma­ly­dyr. Bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de ýyg­na­nan­lar ýa­ryş­la­ryň emin­le­ri bi­len hem ta­nyş­dy­ryl­dy. Bri­fin­ge 25 ýurt­dan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýer­de, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de şu ýy­lyň few­ral aýyn­da ga­dy­my ga­la Amu­lyň ýa­nyn­dan ral­lä taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ne ba­dal­ga be­ren pur­sa­dyn­dan bä­ri ägirt uly gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, da­şa­ry ýurt­lar­da köp san­ly ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­ri ge­çi­ril­di, olar bu tä­sin tas­la­ma hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ägirt uly ün­sü­ni çek­di. In­di bol­sa ýa­ryş­la­ryň baş­lan­ma­gy­na ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe sa­gat gal­dy. Onuň öň ýa­ny ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­la­ryň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi bol­dy.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň baş baý­dak sü­tü­ni otur­dy­lan “Baý­dak” meý­dan­ça­syn­da da­ba­ra ge­çi­ril­di. 100 metr be­lent­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy pa­syr­da­ýar. Baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len meý­dan­ça bar­ýan ýo­luň ug­run­da gut­lag şy­gar­la­ry, türk­men säh­ra­sy­ny we bäs­le­şi­giň ny­şa­ny­ny be­ýan ed­ýän owa­dan ban­ner­ler, dür­li öwüş­gin­li su­rat­lar goý­lup­dyr. Bu ýer­de hem­me­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan We­pa­ly at­ly ala­ba­ýy — Azia­da­nyň tu­ma­ry­ny hem gör­mek bol­ýar. Ol Azia­da­nyň oýun­la­ry ta­mam­la­nan­soň hem biz bi­len hoş­laş­ma­dy, eý­sem, it ýy­ly­nyň ny­şa­ny hök­mün­de tä­ze 2018-nji ýy­la hem gir­di.

Meý­dan­ça­da bol­sa mün­ber, sah­na­lar gur­na­lyp­dyr, ägirt uly mo­ni­tor­lar otur­dy­lyp­dyr, saz ýaň­lan­ýar. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň bir­leş­di­ri­len est­ra­da or­kest­ri­niň çy­ky­şy baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny dö­red­ýär.

Bu ýe­re köp san­ly adam­lar ýyg­nan­dy­lar, se­bä­bi bu şä­he­riň hem, tu­tuş ýur­du­my­zyň hem ta­ry­hyn­da Wa­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy­nyň ýyl­ýaz­gy­sy­na ýe­ne bir şöh­rat­ly sep­git, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň sy­ýa­sa­ty­nyň no­bat­da­ky üs­tün­li­gi hök­mün­de gir­jek bu şan­ly wa­ka hem­me­le­ri buý­san­dyr­ýar.

...Meý­dan­ça­da ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­le­ri, işe­wür­ler we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, ýer­li ýa­şaý­jy­lar hem-de ýa­şu­lu­lar bar. Hem­me­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ulag ker­we­ni­ni uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Türkmen Lider Gurbanguly Berdimuhamedowa gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­ýar.

Sah­na­da bel­li ýaş aý­dym­çy­lar “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­lä ba­gyş­la­nan tä­ze aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler, ho­reog­ra­fi­ýa çy­ky­şyn­da bi­ziň döw­rü­mi­ziň ýo­ka­ry sport yl­ha­my öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Soň­ra çä­re­le­ri alyp ba­ry­jy Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ne söz ber­ýär.

Türkmen Lider da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne gut­lag söz bi­len ýüz­le­nip, hem­me­le­ri er­tir aw­to­ral­li­niň ba­dal­ga al­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýar.

Biz şu gün “Amul — Ha­zar 2018” ady bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport baý­ram­çy­ly­gy­ny ge­çir­ýä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Türk­men top­ra­gyn­da gu­ral­ýan ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len tür­gen­le­re we beý­le­ki myh­man­la­ra “Hoş gel­di­ňiz!” di­ýip ýüz­len­ýä­ris.

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gin­de my­na­syp orun eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­me­di­gem bol­sa, bu ugur­da giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ öz çy­ky­şyn­da şeý­le hem Amul­dan Ha­za­ra çen­li umu­my uzyn­ly­gy 1571 ki­lo­met­re deň bo­lan ral­li­niň ugur­la­ry­ny kes­git­le­di.

Tür­gen­ler, siz, bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da dün­ýä­niň iň uly çöl­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ga­ra­gu­myň baý te­bi­ga­ty, onuň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de türk­men säh­ra­sy­nyň tä­sin­li­gi bi­len tan­şar­sy­ňyz. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ba­dal­ga meý­dan­ça­syn­dan ug­rap, ga­dy­my Amul top­ra­gy­nyň aja­ýyp­ly­gy­ny du­ýar­sy­ňyz di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz tür­gen­le­re ýüz­le­nip sö­zü­ni do­wam et­di.

Se­bit­de iň uly ga­dy­my Jeý­hun der­ýa­sy Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şip, onuň ke­na­ryn­da­ky ta­ry­hy ga­la­nyň ösen me­de­ni­ýet­li şä­her bo­lan­dy­gy­ny ta­ryh yk­rar ed­ýär. Bu ýer­de eke­ran­çy­lyk we söw­da gat­na­şyk­la­ry gül­läp ösüp­dir.

Soň­ra hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Ma­ry dü­şel­ge­si” di­ýen kün­je­ge ba­rar­sy­ňyz. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my dö­wür­de Ma­ru — Şa­hu — Ja­han ady bi­len bel­li bo­lan bu şä­he­riň ir­ki asyr­lar­da di­ňe bir se­bit äh­mi­ýet­li däl, eý­sem, dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi bo­lan­dy­gy­ny ta­ry­hy-yl­my çeş­me­ler tas­syk­la­ýar. Ga­dy­my Mer­wiň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň pa­jar­lap ös­me­gin­de mö­hüm orun eýe­län­di­gi­ne ta­ryh şa­ýat­dyr. Soň­ra Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça gu­ral­ýan hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne gi­rer.

Bu ýer­de “Ga­ra­gum ýal­ky­my” dü­şel­ge­si ýer­leş­ýär. Şon­da siz säh­ra­nyň bu kün­je­gi­niň gö­zel­li­gi­ne, onuň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hem-de çöl ösüm­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly gör­nüş­le­ri­ne syn eder­si­ňiz. Dün­ýä ýü­zün­de öz­bo­luş­ly tä­sin­lik ha­sap­la­nyl­ýan we “Ga­ra­gum ýal­ky­my” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýer­dä­ki alaw si­zi haý­ran gal­dy­rar. Ga­ra­gu­muň jüm­mü­şin­dä­ki alaw türk­men hal­ky­nyň kal­by­nyň ýy­ly mäh­ri­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny bo­lup, ol si­ziň göw­nü­ňi­zi gö­te­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Soň­ra siz ta­ry­hy ýol bi­len gi­dip bar­şy­ňy­za Da­şo­guz top­ra­gy­na ga­dam go­ýar­sy­ňyz. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly “Al­tyn asyr Türk­men kö­li” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan dü­şel­gäň üs­tün­den ba­rar. Bu ýer­de siz al­tyn­sow öwüş­gün­li ýa­ýy­lyp ýa­tan kö­li gö­rer­si­ňiz. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­de dö­rän bu kö­lüň we onuň tö­we­rek­le­ri­niň öz­bo­luş­ly haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si si­zi adam eli bi­len dö­re­di­len gud­ra­tyň dün­ýä­si­ne ara­laş­dy­rar.

Soň­ra si­ziň ýo­lu­ňyz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gi bo­ýun­ça do­wam eder. Ol ýer­de “Sport” meý­dan­ça­syn­da dü­şel­ge ýer­leş­ýär. Şon­da siz se­leň­läp gö­rün­ýän Bal­kan dag­la­ry­nyň de­ňin­den, go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ry bo­ýun­ça ge­çip, ýa­ry­şyň jem­leý­ji tap­gy­ry­na ta­rap ro­wa­na bo­lar­sy­ňyz. Şeý­le­lik­de, hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ry bi­len uzap, Azi­ýa­nyň şy­pa­ha­na mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ýan “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da jem­le­ner. Bu kün­je­giň aja­ýyp­ly­gy, hal­ky­my­zyň ýag­şy des­sur­la­ry we myh­man­sö­ýer­lik dä­bi si­ziň ha­ky­da­ňyz­da he­mi­şe­lik sak­la­nar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň halk­la­ry ýa­kyn­laş­dy­ryp, dost­lu­gy, hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ry ýe­ne bir ge­zek aw­to­ral­li­niň baş­lan­ma­gy bi­len gut­lap hem-de bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si­ne üs­tün­lik ar­zuw edip, fran­suz myh­ma­ny­ny – meş­hur “Af­rica Eco Race” at­ly ral­li ma­ra­fo­nyň baş di­rek­to­ry we gu­ra­ma­çy­sy Žan-Lui Şles­se­ri ça­gyr­ýar. Ol sport aw­to­mo­bil­le­ri to­pa­ryn­da­ky aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň iki ge­zek çem­pio­ny, şeý­le hem “Pa­riž — Da­kar” ral­li­si­niň iki ge­zek ýe­ňi­ji­si hök­mün­de bel­li­dir.

Türkmen Lider ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň aw­to­mo­bil­ler­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da geç­me­gi üçin goý­lan ýö­ri­te mün­be­re bar­ýar.

Žan-Lui Şles­ser meý­dan­ça ak “Linсoln” kab­rio­let­de gir­ýär. Ol po­dium bo­ýun­ça aý­law edip hem-de mün­be­riň öňün­de sak­la­nyp, türk­men Li­de­ri­ne ýüz­len­di we oza­ly bi­len “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­li­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow spor­tuň, hu­su­san-da, aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­nyň uly jan­kö­ýe­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, spor­tuň bu gör­nü­şin­dä­ki tür­gen­le­riň we bäs­le­şi­giň gu­ra­ma­çy­la­ry­nyň bag­ty çüw­di di­ýip, Şles­ser aýt­dy. Ol şeý­le hem gu­ra­ma­çy­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy hök­mün­de al­ty aýyň için­de ge­çi­ri­len iş­le­re ber­len uly kö­mek üçin ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy.

“Me­niň bu ýe­re ge­len äh­li gat­na­şy­jy­la­ra uly sag­bol­sun aý­da­sym gel­ýär. Çün­ki, deb­ýut bäs­deş­li­gi üçin dür­li mil­let­le­riň 25-sin­den 500-den gow­rak ada­myň bir ýe­re bir­leş­me­gi uly ýe­ňiş­dir” di­ýip, Şles­ser sö­zü­ni do­wam et­di hem-de bu ýe­re iň oňat to­par­la­ryň we aw­tos­port dün­ýä­sin­de at­la­ry meş­hur aw­to­mo­bil sü­rü­ji­le­ri­niň ýyg­na­nan­dy­gy­ny bel­le­di.

Ral­li­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne we onuň ge­çi­ril­me­gi­ne gat­na­şan ýew­ro­pa­ly hem-de türk­me­nis­tan­ly hü­när­men­le­riň äh­li­si­ne ho­şal­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy.

Şles­ser sö­zü­niň ahy­ryn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si­ne Ha­zar­da­ky pel­le­ha­na çen­li bo­lan ara­ly­gy üs­tün­lik­li geç­me­gi ar­zuw et­di.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra ral­li­niň da­ba­ra­ly ýö­rü­şi­ne gat­na­şy­jy­la­ra ak pa­ta ber­di.

Ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy­ny alyp ba­ry­jy ýurt­la­ryň we ral­lä gat­na­şy­jy­la­ryň at­la­ry­ny aý­dyp ug­ra­ýar. Da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ýa­ryş geç­ýän ýur­duň –ýer eýe­si­niň we­kil­le­ri­niň hu­ku­gyn­da mün­be­ri ýe­ňil aw­to­mo­bil­le­riň dör­dü­sin­de ge­çen türk­men to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri aç­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy as­tyn­da bu ýa­ryş­la­ra je­mi 15 to­par gat­na­şar.

Soň­ra iň­lis elip­bi­ýi­niň ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­niň on­lar­ça ýurt­la­ry­nyň aw­tou­lag­la­ry geç­ýär­ler. Da­ba­ra­ly ýö­ri­şe je­mi 150-den gow­rak sü­rü­ji we ştur­man-kö­mek­çi sü­rü­ji gat­naş­dy, ola­ryň kö­pü­si ga­ry­şyk dü­züm­de – in­ter­na­sio­nal to­par­da çy­kyş eder.

Aw­to­mo­bil­ler bir ýa­rym sa­ga­da go­laý wag­tyň do­wa­myn­da ýag­ty­lan­dyr­ýan şöh­le­le­riň as­tyn­da, aras­sa­la­nyp ýal­pyl­da­dy­lan gör­nüş­le­rin­de, saz owa­zy­nyň as­tyn­da to­ma­şa­çy­la­ryň öňün­den geç­di­ler. Da­ba­ra­ly ýö­riş­de dün­ýä aw­to­mo­bil se­na­ga­ty­nyň “Mi­ni”, “Nis­san”, “Toyo­ta”, “Mit­su­bis­hi”, “Chevro­let”, “BMW”, “Peu­geot”, “Opel”, “Porsche”, “Land Rover”, “Su­zu­ki”, “Chrys­ler” we beý­le­ki­ler ýa­ly, iň yg­ty­bar­ly ha­sap edil­ýän ky­sym­la­ry peý­da bol­ýar­lar. El­bet­de, olar bi­ri-bi­rin­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Ral­lä gat­naş­dyr­mak üçin ola­ry ýö­ri­te güýç­len­dir­ýär­ler, ber­kid­ýär­ler, howp­suz­lyk üçin ýö­ri­te en­jam goý­ýar­lar, otur­gyç­la­ry­ny ça­lyş­ýar­lar, ýan­gyn sön­dü­riş ul­ga­my we beý­le­ki­ler bi­len en­jam­laş­dyr­ýar­lar.

Ýük aw­tou­lag­la­ryň to­pa­ry ýö­ri­te meý­dan­ça­nyň ýa­nyn­dan geç­ýär, Olar dün­ýä­de bel­li “KA­MAZ”, “MAZ”, “GAZ”, “MAN” ýa­ly agyr ýük aw­tou­lag­la­ry­dyr.

Da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ýe­ne-de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň aw­to­mo­bil­le­ri jem­le­di.

Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­lar bi­len hoş­laş­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.

Bu ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­mak bi­len, bir ma­hal­lar ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­dan ge­çen hem-de Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň döw­let­le­ri­ni we halk­la­ry­ny bi­rik­di­ren Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny tä­ze­den di­keld­ýän­di­gi­ni bü­tin hal­ka­ra jem­gy­ýe­ti­ne aý­dyň gör­kez­ýär.

Biz bu ga­dy­my ýo­luň bo­ýun­da ýer­le­şen ýurt­lar we halk­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýa­rys, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýaý­baň­lan­dyr­ýa­rys.

Ge­çen ýy­lyň 20-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­tyn­da Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni ýat­lad­ýa­rys. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan ulag we mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­le­ri dö­ret­mek, şeý­le hem bu ul­gam­da oňyn köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de gi­ňelt­mek ar­ka­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ös­dür­ýär.

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­le­ri ul­ga­myn­da, şol san­da mul­ti­mo­dal ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu ul­gam­da iş­jeň sy­ýa­sa­ty ge­çir­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şu ge­zek­ki ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ly­şyn­da ral­li ýa­ryş­la­ry wag­tyn­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň bäh­bi­di­ne CO2 zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak bo­ýun­ça kon­sep­si­ýa ber­jaý edil­di. Şeý­le hem tiz wagt­da Owa­dan­de­pe­de tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ýur­du­myz dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, Ýew­ro — 5 stan­dar­ty­na la­ýyk gel­ýän sin­te­ti­ki eko­lo­gi­ýa ýan­gy­jy­ny ön­dü­rip baş­lar.

Türk­me­nis­tan­da bu aw­to­ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi spor­tuň bu gör­nü­şi­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­na gel­ýän­le­ri baý te­bi­ga­ty­myz, onuň aja­ýyp kün­jek­le­ri, bu ül­kä­niň me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­me­giň we ola­ry gu­ra­ma­gyň de­re­je­sin­den çen tu­tu­lan­da, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň köp san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň ha­ky­da­syn­da uzak wagt­lap gal­jak­dy­gy­na hem-de aw­tos­por­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne berk yna­nyp bo­lar.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ta­rap­dar­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar, ol jem­gy­ýet­de has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len müm­kin bol­du­gy­ça köp adam­la­ryň, esa­san-da, ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň, og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­si spor­ty ös­dür­mek we jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­me­giň stra­te­gi­ýa­sy dü­zü­len­de baş mak­sat hök­mün­de öň­de go­ýul­dy.

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da sport-sa­gal­dyş ul­ga­my­ny hö­wes­len­dir­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, onuň kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­ri ýo­kar­lan­ýar. Ha­za­ryň ke­na­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň möç­be­ri hem-de ama­la aşyr­ma­gyň çyl­şy­rym­ly­ly­gy ba­ba­tyn­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tas­la­ma­sy — «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy amal edil­di, ol türk­men Li­de­ri­niň iri möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy di­kel­diş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öz­leş­dir­me­giň hem-de boş wag­ty iş­jeň we sag­dyn ge­çir­mek, spor­tuň bu gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek üçin aň­ry­baş şert­le­ri dö­ret­me­giň aja­ýyp my­sa­ly bo­lup dur­ýar.

Şeý­le­lik­de, ral­lä da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­lar di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­man, bu ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ýer­le­re düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni se­na­gat taý­dan ös­dür­mek bi­len bir­lik­de tä­ze dur­mu­şyň ge­len­di­gi­ni göz­le­ri bi­len gö­rüp bi­ler­ler, bu öz­gert­me­ler bol­sa hä­zir­ki eý­ýam­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň de­re­je­si­ni be­len­de gö­ter­ýär.

Yk­ly­myň esa­sy ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry Türk­me­nis­ta­na yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mil­li ulag se­riş­de­le­ri­ni örän bäh­bit­li peý­da­lan­ma­ga, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň baý­ly­gy bol­sa ýur­du­my­zyň halk­la­ryň yn­san­per­wer, ru­hy gat­na­şyk­la­ryn­da or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. (TDH)



Degişli Habarlar