Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da mil­li to­pa­ry­myz üç me­dal ga­zan­dy

Ýa­ryş­lar 8-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam eder

Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da mil­li to­pa­ry­myz üç me­dal ga­zan­dy

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da açy­lan Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­men päl­wan­la­ry dür­li de­re­je­li üç me­dal ga­zan­dy­lar. Tä­jik mil­li gu­şak­ly gö­re­şi bo­lan “guş­ti­ni mil­li ka­mar­ban­di” gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz üçin ne­ti­je­li bol­dy.

100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­sin­de Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by An­na­my­rat My­ra­dow al­tyn me­dal al­dy. Iň ýo­ka­ry a­gram de­re­je­si­niň ýe­ňi­ji­si oýun­la­ryň iň äh­mi­ýet­li­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Çar­wa­dar­la­ryň be­ýik gö­re­şi” di­ýen bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.

68 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de Be­genç Ýag­my­row hor­mat mün­be­ri­niň ikin­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy, Sy­lap­ber­di Nu­ry­ýew (82 kg. çen­li) bü­rünç me­dal ga­zan­dy.

Şu gün ag­şa­ma­ra Ys­syk-Köl di­ýen aja­ýyp te­bi­gy kö­lüň ke­na­ryn­da ýer­le­şen Çol­pon-Ata şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Owa­dan sah­na­laş­dy­ry­lan şü­we­le­ňe 1,5 müň ar­tist gat­naş­dy. Oýun­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň 1,2 müň­den gow­ra­gy be­ýan ed­ýär. Sport ýa­ryş­la­ryn­dan baş­ga-da, “Çar­wa­dar­la­ryň äle­mi” di­ýen hal­ka­ra mil­li me­de­ni­ýet fes­ti­wa­ly ge­çi­ri­ler.

Spor­tuň 37 gör­nü­şin­de me­dal­lar ug­run­da 60 ýurt­dan bir ýa­rym müň­den gow­rak tür­gen bäs­le­şer. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­rynyň ýa­ryş­la­ryň bi­rin­ji gü­nün­de ýe­ňiş ga­zan­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­riniň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Iki ýyl mun­dan ozal ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da hem bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň umu­my to­par­la­ýyn ha­sap­da ikin­ji or­ny eýe­län­di­gi bu çak­la­ma­nyň esas­ly­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň mak­sa­dy me­de­ni köp­dür­lü­li­gi hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak pi­ki­ri­ni wa­gyz et­mek ug­run­da spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri­ni tä­ze­den di­kelt­mek­den we ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Şu ýyl ak bars ýa­ryş­la­ryň tu­ma­ry hök­mün­de saý­la­nyp alyn­dy.

Ýa­ryş­lar 8-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam eder. (TDH)



Degişli Habarlar