«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda, Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

Bu çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy döwlet ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa sürüjilik şahadatnamasyny we sport awtomobiliniň tehniki paspotyny gowşurdy.

Ýur­du­my­zyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Sport ulag mer­ke­zi­niň we Aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça mil­li fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň to­par­la­ry­nyň 15-si bu ýa­ryş­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik eder. Olar şu ýy­lyň maý aýyn­da gu­ra­lan saý­la­ma tap­gy­ry geç­di­ler.

Mas­la­hat­da çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mek, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da giň möç­ber­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur bo­ýun­ça bel­li hü­när­men­ler, şeý­le çä­re­le­re gat­naş­mak­da özü­ni gör­ke­zen kom­pa­ni­ýa­lar bi­len özaragat­na­şyk­lar alnyp barylýar.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­dan soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­na de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­lar we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan tür­gen­le­riň ýö­ri­te sport ly­bas­la­ry­nyň top­lu­my gow­şu­ryl­dy. (Türkmenistan DIM)



Degişli Habarlar