2018 — 2019-njy Tä­ze okuw ýy­ly­ düşümli bolsun

Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

2018 — 2019-njy Tä­ze okuw ýy­ly­ düşümli bolsun

Hor­mat­ly bi­lim iş­gär­le­ri!
Mäh­ri­ban ta­lyp­lar, eziz okuw­çy­lar!

Si­zi «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýy­lyň aja­ýyp gün­le­rin­de giň­den bel­len­ýän baý­ram — Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de 2018 — 2019-njy Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Di­ýa­ry­myz il-ýurt bäh­bit­li öz­gert­me­le­riň, uly ösüş­le­riň aý­dyň ýo­ly bi­len be­lent mak­sat­la­ra ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy hem yzy­gi­der­li art­ýar. Bi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­daw tap­ýar. Ýur­du­my­zyň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de mer­da­na hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy, ata Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­ýär.

Biz döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň stra­te­gik ug­ry hök­mün­de mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­ni hem-de maz­mu­ny­ny dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Ösen ýurt­la­ryň tej­ri­be­si­ni hem-de ösü­şi­ni na­za­ra alyp, ýaş­la­ry­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi, wa­tan­çy­ly­gyň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi, tä­ze bi­lim­le­ri öz­leş­dir­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris.

Alyp bar­ýan bi­lim sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy mak­sa­dy ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, yl­myň we bi­li­miň müm­kin­çi­lik­le­ri ýur­du­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­me­gi­ne gö­nük­di­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, Ga­raş­syz ýur­du­myz­da döw­re­bap or­ta, or­ta hü­när, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni gur­mak, iň tä­ze bi­lim usul­la­ry­ny, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-bi­lim de­re­je­si­ni hem-de dö­re­di­ji­lik iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da ägirt uly tej­ri­be top­lan­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r, bel­li bi­lim we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­lar­dyr tas­la­ma­lar Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni we or­nu­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­dy. Biz gel­jek­de hem örän iş­jeň hem-de ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ýo­la goý­mak, dür­li ýurt­lar we se­bit­ler bi­len, şeý­le hem äh­lu­mu­my de­re­je­de tä­ze mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ar­ka­ly bi­lim öz­gert­me­le­ri­mi­zi do­wam ede­ris.

Ga­dyr­ly okuw­çy­lar, mäh­ri­ban ta­lyp­lar!

Wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, yn­san­per­wer­li­gi, dost-do­gan­ly­gy we hoş­ni­ýet­li­li­gi ýö­rel­ge eden ýaş­la­ry­myz bo­lan si­ziň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ňyz, hal­ka­ra de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­gy­ňyz, ru­hy taý­dan kä­mil, berk be­den­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim­li ne­sil bo­lup ýe­tiş­me­gi­ňiz üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de tä­ze hü­när­ler açyl­ýar. Ze­rur ugur­lar­dan ýaş­la­ry­myz da­şa­ry ýurt­la­ryň okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýar­lar.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni dün­ýä de­re­je­sin­de kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny, şeý­le hem da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler do­wam ed­ýär.

Ýaş ne­sil ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän bu ala­da­lar eziz Wa­ta­ny­my­za, mer­da­na hal­ky­my­za, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­ne, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we­pa­ly, ru­hu­be­lent, bi­lim al­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp ýaş­la­ry hal­ka­ra ders olim­pia­da­la­ryn­da, yl­my-dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­rin­de, me­de­ni-sport ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de Wa­ta­ny­my­za, mer­da­na hal­ky­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik edip, üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän ze­hin­li ýaş­la­ry­myz bi­ziň gu­wan­jy­myz­dyr.

Hor­mat­ly mu­gal­lym­lar we bi­lim iş­gär­le­ri!

Türk­men hal­ky özü­niň uzak asyr­lyk dur­muş ýo­lun­da paý­has, ylym-bi­lim, sun­gat bi­len eg­sil­mez gen­ji-ha­zy­na öw­rü­len mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry, bi­lim­ler mi­ra­sy­ny, ter­bi­ýe mek­de­bi­ni dö­re­dip­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Di­ýa­ry­my­zyň Merw, Nu­saý, Kö­neür­genç, Abi­wert, Sa­rahs, De­his­tan ýa­ly ga­dy­my şä­her­le­rin­de, oba­dyr kent­le­rin­de da­na pe­der­le­ri­mi­ziň oka­ma­ga bo­lan hy­juw­dyr söý­gü­si ylym-bi­li­miň gül­läp ös­me­gi­ne uly iter­gi be­rip­dir.

Bi­ziň hal­ky­myz eş­ret­li dur­mu­şyň, bag­ty­ýar gel­je­giň göz­ba­şy hök­mün­de bi­li­me, asyl­ly kä­riň eýe­le­ri bo­lan mu­gal­lym­la­ra aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa goý­ýar. Ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­jek, oka­mak, öw­ren­mek, zäh­met çek­mek bi­len eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny äle­me ýaý­jak ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de mu­gal­lym­la­ryň ir­gin­siz we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ni be­lent­de tut­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, mer­da­na hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, dost­luk, ylym-bi­lim ha­kyn­da­ky pa­ra­sat­ly öwüt-ün­dew­le­ri, aý­ra­tyn hem gu­jur-gaý­rat­ly, dö­re­di­ji­lik­li we yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýaş ne­sil­ler­de eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan be­ýik buý­san­jy ter­bi­ýe­le­mek mu­gal­lym­la­ryň we äh­li bi­lim iş­gär­le­ri­niň he­mi­şe­lik mu­kad­des bor­ju­dyr.

Hor­mat­ly bi­lim iş­gär­le­ri!
Mäh­ri­ban ta­lyp­lar, eziz okuw­çy­lar!

Si­zi Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, okuw­da we iş­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin!

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

(TDH)



Degişli Habarlar