Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy

Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy. Düýnki gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin üs­tün­lik­li bol­ma­dy.

Ba­şa-baş gö­re­şiň bu gör­nü­şin­de türk­men tür­gen­le­ri­niň iki­si çär­ýek fi­na­la çyk­dy­lar — 66 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si, dün­ýä­niň we Azi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry­nyň en­çe­me ge­zek ýe­ňi­ji­si Ma­rat Ora­zow hem-de Da­ýanç Ta­ga­now (90 kg-dan ýo­ka­ry) şu ýy­lyň dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň bü­rünç baý­ra­gy­nyň eýe­si bo­lup dur­ýar. Olar 1/16 we 1/8 fi­nal du­şu­şyk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ge­çip, Ow­ga­nys­tan­dan we Hin­dis­tan­dan, soň­ra bol­sa Mon­go­li­ýa­dan tür­gen­le­riň iki­sin­den üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Em­ma bi­ziň il­de­şi­mi­ze ýa­rym fi­na­la çyk­mak ba­şart­ma­dy. D.Ta­ga­now Ow­ga­nys­tan­dan bo­lan gar­şy­daş bi­len bäs­le­şen­de, ýe­ňiş gar­şy­daş to­pa­ryň we­ki­li­ne be­ril­di. M.Ora­zow dün­ýä çem­pio­nyn­dan we Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­sin­den ýe­ňil­di.

Boks­çy­myz Hur­sand Iman­ku­ly­ýew me­dal ga­zan­mak­dan as­gyn gel­di. 60 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de çär­ýek fi­nal­da ol Mon­go­li­ýa­dan bo­lan örän güýç­li tür­gen bi­len bäs­leş­me­li bol­dy. Ol to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da bä­şin­ji orun­da gal­dy. Tut­lu­şy­gyň il­kin­ji iki dö­wün­de bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň ur­gu­la­ry dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, üçün­ji tut­lu­şyk­da türk­men boks­çy­sy el­den gi­di­re­ni­niň öwe­zi­ni dol­mak mak­sa­dy bi­len, hü­jüm et­di. Em­ma, gö­reş bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň haý­ry­na ta­mam­lan­ma­dy.

Şu gün, to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň 11-nji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry dzýu­do bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra gat­na­şar hem-de ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar do­wam eder. (TDH)


Etiketkalar: Aziýa oýunlary , boks , kuraş

Degişli Habarlar