Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen 
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýene-de duşuşmaga hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Täjigistanyň Baştutany Gurban baýramynyň günlerinde ýurdumyza bolýan saparynyň özboluşly mana eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny şu mynasybetli gutlap, parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözleri üçin kärdeşine minnetdarlyk bildirip, täjik halkyna gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bu bolsa özara uzakmöhletleýin bähbitlere laýyk bolşy ýaly, tutuş sebitiň durnukly ösüş maksatlaryna hem kybap gelýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon möhüm ekologiýa meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şu babatda Täjigistanyň Baştutany suwdan oýlanyşykly peýdalanmak meseleleriniň çözülmeginde, şol sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky meselelere deglip geçilip, ulag ulgamynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bildirilýän gyzyklanmalar bellenildi. Munuň şeýle bolmagyna Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi kuwwatly itergi berer. Bu taslama diňe iki dostlukly ýurduň we halklaryň däl, eýsem, sebitiň halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmäge gönükdirilendir. Elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ulgamlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň netijelidigi we şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işiniň eýeleýän möhüm orny nygtaldy.

Taraplaryň ikisiniň-de ylym we bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga we umuman, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy bellenildi.

Täjik Lideri şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy barada özünde galan täsirleri paýlaşyp, Türkmenistanyň kenarýaka künjeginde amala aşyrylýan özgertmelere haýran galýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň we Täjigistanyň doganlyk halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.(TDH)



Degişli Habarlar