Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz öz kärdeşini doganlyk ýurtlary birleşdirýän Hazar deňziniň türkmen kenarynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasynda gadymdan gözbaş alýan dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak däpleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belledi. Dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary bu gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşyp, sazlaşykly ösüşe eýe bolandygyny nygtadylar.

Gazagystanyň Prezidenti AHHG-nyň Sammitiniň möhümdigini hem-de Türkmenistanda öz wagtynda geçirilýändigine, onuň gün tertibine girizilen, bilelikde çözülmeli meseleleriň ähmiýetine üns berdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nursultan Nazarbaýew ýokary derejeli Awaza duşuşygynyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň sebitiň we dünýäniň ýurtlary üçin möhümdigini belläp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Munuň özi halklaryň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etjek möhüm ekologiýa taslamalaryny amala aşyrmakda zerur bolup durýar. Gazagystanyň Baştutany ekologiýa meseleleriniň, suwdan rejeli peýdalanmagyň global ähmiýeti boýunça türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda pikirini beýan edip, täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramagyň, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzir dünýäde ekologiýa babatda wezipeleriň möhümdigine düşünilýär, olary çözmezden jemgyýetiň durnukly ösmegi mümkin däldir.

Söhbetdeşler energetika we ulag ýaly ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem bilelikdäki iri taslamalaryň ilerledilmegine üns bermek bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde taraplaryň ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.

Türkmen Lideri Aktauda mähirli kabul edilendigi üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi, ol ýerde 12-nji awgustda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň ekologiýa we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Iki goňşy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylmagynyň möhümdigini bellediler. Ol Hazarda deňiz arkaly ýük daşamalarynyň döwrebap ulgamyny hem-de tutuş sebitde multimodal düzümi ösdürmäge hyzmat eder.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nursultan Nazarbaýew dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlylygy tassyklap, bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki doganlyk halklaryň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-biregi we iki doganlyk halklary Gurban baýramy bilen gutladylar. (TDH)



Degişli Habarlar