Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi
   Hormatly Prezidentimiz öz hatynda Kofi Annanyň görnükli syýasatçy we beýik şahsyýet bolandygyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halklaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigini belläp, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.

    Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk bildirip medet beriji sözlerini beýan etdi. (TDH)



Degişli Habarlar