Türkmenistan we Ysraýyl Döwleti Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirildi

Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi

Türkmenistan we Ysraýyl Döwleti Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirildi

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Taraplar özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny belläp, iki tarapa hem peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, esasan hem innowasiýa, nou-hau we tehnologiýalar babatynda pikirler alyşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine we birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak baradaky meselelere garadylar.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň geografiki ýerleşişini hem-de ýurduň tebigy baýlyklaryndan ugur alyp, taraplar nebitgaz pudagyna we oba hojalyk senagatyna aýratyn üns berdiler.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25- ýyllygynyň golaýlaşýandygyny ýatlap, bu sene bilen bagly ýörite çareleri gurnamak we geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. (Türkmenistan DIM)


Etiketkalar: Türkmenistan , Ysraýyl

Degişli Habarlar