Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Düýn türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar

Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyzyň 153-si bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.

Düýn paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Gurban baýramy döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy alamatlandyrýar. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmeginiň we aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň türkmen halkynyň ynsanperwer gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu meseleleriň oňyn çözülmegine hemişe aýratyn üns berýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip, aýat-töwirler okarlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmekde türkmen halkyna üstünlik arzuw ederler.

Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!

Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar! (TDH)


Etiketkalar: Mekge , Käbe , Gurban baýramy

Degişli Habarlar