Ow­gan ila­ty türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ab­dul Ga­fur Ma­lik­zaý­dan hat ge­lip go­wuş­dy

Ow­gan ila­ty türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär

Ol öz ha­tyn­da Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly de­mir­ga­zyk se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan türk­men Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 26-njy iýul­da türk­men-ow­gan dost­lu­gy­nyň ýyl­ ýaz­gy­syn­da no­bat­da­ky sa­hy­pa­ny açan wa­ka bo­lup geç­di. Tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam goň­şy ýur­duň dür­li we­la­ýat­la­ry­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny goş­ma­ça iber­ýän il­kin­ji des­ga bol­dy. Bu wa­ka­nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na ge­len hoşallyk ha­tyn­da hem bel­le­nil­di.

Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­myz bi­len ser­het­ýa­ka we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň ha­tyn­da, hu­su­san-da, “ow­gan ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ojak­la­ry hut Si­ziň üns ber­me­gi­ňiz bi­len gur­lan, Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len, kuw­wa­ty 110 ki­lo­wolt­lyk elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň şug­la­sy bi­len nur­lan­dy” di­ýil­ýär.

Hoşallyk ha­tyn­da “Si­ziň, çuň­ňur hor­mat­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ow­gan hal­ky­na do­gan­lyk we päk ýü­rek­li ga­raý­şy­ňy­zyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu ta­ry­hy wa­ka Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik ga­lar” diý­lip bel­le­nil­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ymam­na­zar — And­hoý hem-de Ser­he­ta­bat — Hy­rat hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar bo­ýun­ça goň­şy ýur­da eý­ýäm türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň mil­lion­lar­ça ki­lo­wat-sa­ga­dy ug­ra­dyl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ow­gan­ly sarp edi­ji­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri hem-de iş orun­la­ry­ny aç­mak üçin şert­ler dö­re­di.

Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň bar­şyn­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni Ow­ga­nys­ta­nyň Türk­me­nis­ta­ny öz ýa­kyn dos­ty we yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy ha­sap­la­ýar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň tä­sir­li gu­ra­ly bo­lup dur­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär di­ýip bel­le­di.

Türk­me­nis­tan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bol­mak bi­len, Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­ni ös­dür­mä­ge, bu ýurt­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ga­za­nyl­ma­gy­na yzy­gi­der­li go­şant go­şup, di­ňe türk­men-ow­gan däl-de, eý­sem, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni ugur edin­ýän giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ow­gan ila­ty­nyň adyn­dan ge­lip gow­şan ho­şal­lyk söz­le­ri goň­şy ýurt­da­ky ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň su­but­na­ma­sy hem-de ola­ra ber­len ýo­ka­ry ba­ha bo­lup dur­ýar.

OYR-nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi ha­ty­nyň ahy­ryn­da ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de ow­gan hal­ky­na asu­da dur­mu­şy gur­mak­da be­ril­ýän gol­daw üçin çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. (TDH)



Degişli Habarlar