Daşary ýurtlarda "Amul-Hazar 2018" halkara awtorallisi boýunça mahabat çäreleri geçirilýär

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI BOÝUNÇA MAHABAT ÇÄRELERI DAŞARY ÝURTLARDA IŞJEŇ ÝAÝBAŇLANDYRYLÝAR

Daşary ýurtlarda "Amul-Hazar 2018" halkara awtorallisi boýunça mahabat çäreleri geçirilýär

«Amul-Hazar 2018», şeýle hem «Turkmen Desert Race-2018» diýlip tanalýan   halkara awtorallisini mahabatlandyrmak we giňden tanyşdyrmak boýunça  işjeň dowam etdirilýär. Geçen hepdede bu sport çäresi bilen tanyşdyryş işleri Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Awstriýadaky we Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanalarynda geçirildi. Tanyşdyryş çäreleri halkara awtorallisi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny giňden öz içine aldy.  

Birleşen Arap Emirlikleriniň Awtoulag sport federasiýasynyň we Emrilikler Awto Klubunyň prezidenti bilen geçiriljek çäräni ara alyp maslahatlaşmak üçin duşyşyk geçirildi. Birleşen Arap Emirlikleriniň Awtoulag sport federasiýasynyň we Emrilikler Awto Klubunyň prezidenti halkara awtorallisini gurnamakda öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny belläp, bu çärä tomaşaçy hökmünde gatnaşmak üçin çakylygy kabul etdi. Mundan başga-da, Awtoulag sport federasiýasynyň ýolbaşçysy BAE-niň toparynyň awtorallä gatnaşmak meýiliniň bardygyny belledi. 

«Amul-Hazar 2018» bilen bagly sergi eksponatlary Rumyniýanyň Oraştie şäherinde geçirilen “Off Road and Rally Raid” awtoralli çempionatynyň çäklerinde gurnalan sergide görkezildi. Awtorallä gatnaşan ähli awtoulaglar «Amul-Hazar 2018» logotipi bilen bezeldi.     

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen tanyşdyryş dabarasy meňzeş çäre bilen gabat geldi. Şu ýylyň 18-nji iýulynda  türkmen ýaryşyjylary halkara «Ýüpek ýoly 2018» atly awtorallisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine geldiler.     

Halkara Awtoulaglar Federasiýasy tarapyndan Awstriýada gurnalan «Rallye Weiz» awtoralliniň çäklerinde ýaryşyjylara we tomaşaçylara «Turkmen Desert Race-2018» bilen tanyşmak üçin mümkinçilikler döredildi. Olar üçiin halkara awtorallisi baradaky tanyşdyryş wideo şekilleri görkezildi. Halkara «Amul-Hazar 2018»  awtorallisi ýaryşyjylarda we tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.    

Şunuň bilen birlikde, «Amul-Hazar 2018» babatynda soňky täzelikler daşary ýurtlaryň internet-saýtlarynda yzygiderli ýerleşdirilýär we KHBS-de makalalar çap edilýär. (Türkmenistan DIM)



Degişli Habarlar