Türkmenistan dünýä bileleşiginiň wezipelerini çözmegiň ýolunda

Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlary ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýar

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň wezipelerini çözmegiň ýolunda

Iýul aýynyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hünärmenleriň arasynda Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýandygy barada pikir alyşmalar boldy.

Şu gün “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde bu möhüm mesele baradaky gürrüňi ýokarda agzalan ministrligiň işgärleri: ykdysady ylymlaryň doktory, professor, “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktory Muhammetgeldi ATAÝEW, Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygynyň orunbasary Iskander ORAZOW, Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy Begmyrat GURBANLYÝEW, Strategik we durnukly ösüş institutynyň Durnukly ösüş syýasaty müdirliginiň başlygynyň orunbasary Seýitnur JEPBAROW dowam etdirýärler.

M.ATAÝEW: Geçen aýyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň howandarlygynda Syýasy foruma gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şondan 20 günden azrak wagt geçenden soň, türkmen wekiliýeti çärelere baý bolan saparyň barşynda Nýu-Ýorkda bu forumyň “Durnukly we durmuş babatda durnukly jemgyýete barýan ýolda özgertmeler” mowzugy boýunça ministrler derejesindäki bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

I.ORAZOW: Hakykatdan hem, biziň wekiliýetimiziň sapary dürli derejedäki ýolbaşçylar bilen duşuşyklara, EKOSOS-nyň howandarlygyndaky forumyň çäklerinde geçirilen gepleşiklere we beýleki çärelere baý boldy. Geliň, bu wakalar barada ýatlap geçeliň.

M.ATAÝEW: Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary BMG-niň çäklerinde, forumyň açylyş dabarasyndan soň, duşuşyklaryň ikisini – BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky býurosynyň baştutany jenap W.Woronkow hem-de ÝUNISEF-niň bilim meseleleri boýunça ýerine ýetiriji direktorynyň kömekçisi hanym J.Born bilen duşuşyklary geçirdi. Şol günüň ertesi Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Ženmin, BMG-niň EKOSOS-nyň başlygy hanym M.Çatardowa hem-de Baş sekretaryň kömekçisi we UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary jenap D.Wordofa bilen duşuşyklar geçirildi.

B.GURBANLYÝEW: Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligi üpjün etmek üçin täze energetika Beýik Ýüpek ýoludyr” diýen tanyşdyryş çäresiniň guralandygyny bellemek isleýärin. Özi-de, tanyşdyryş çäresine daşary ýurtlardan gatnaşanlaryň bellemegine görä, ol örän üstünlikli geçdi. Bu waka 18-nji iýulda – türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýorkda bolmagynyň üçünji gününde bolup geçdi.

M.ATAÝEW: Şonda Türkmenistanyň wekilleri Irlandiýanyň howanyň üýtgemegi, aragatnaşyk we energetika meseleleri boýunça ministri jenap D.Noýten bilen duşuşdylar, wekiliýetimiziň ýolbaşçysy — ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bolsa Syýasy forumyň Ministrler derejesindäki umumy pikir alyşmalarda hem-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly durnuklylygy gazanmak: Merkezi Aziýada işlemegiň täze usullary” mowzugy boýunça çärede çykyş etdi. Saparyň jemleýji dördünji gününde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň wekilleriniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Administratory jenap A.Ştaýnerem bilen, wekiliýetimiziň ýolbaşçysynyň bolsa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyklary geçirildi.

S.JEPBAROW: Şu duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berendigini, biziň ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň netijeli häsiýete eýedigini belländigini aýtmalydyrys. Munuň özi howpsuzlygyň, bosgunlaryň we migrasiýanyň örän wajyp meselelerini çözmek, sebit we milli derejede terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işleri we beýlekiler bilen baglanyşyklydyr.

I.ORAZOW: Şonda Antoniu Guterreş Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary babatda Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň uly ornuny belledi. BMG-niň Baş sekretary hökmünde ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatyny, ýurdumyzyň halkara giňişliginde alyp barýan işini goldaýandygyny aýtdy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) üstünlikli ýetmekde we olary milli derejede uýgunlaşdyrmakda döwletimiziň goşandyny aýratyn belledi.

M.ATAÝEW: Munuň özi tötänden däldir, çünki BMG tarapyndan makullanylan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen maksatlara hem-de wezipelere doly laýyk gelýär. Bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmekden, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnamada diňe bir ýakyn ýedi ýyl üçin hereketleriň meýilnamasy kesgitlenmän, eýsem, uzakmöhletleýin garaýyşlar babatda ony durmuşa geçirmegiň gurallary bellenildi. Ine, şu ýerde bu hereketleriň DÖM-ne ýetmek boýunça bellenen ädimleri näderejede şöhlelendirýändigine düşünmek wajypdyr.

S.JEPBAROW: Häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — bu ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz — ählumumy, sebit we milli taslamalaryň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra aýratyn üns berýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek milli maksatnamalaryň ählisinde — pudaklaýyn hem-de sebit derejesindäki maksatnamalarda, welaýatlaryň sazlaşykly önümçilik we durmuş düzümini döretmek bilen baglylykda göz öňünde tutulýar.

B.GURBANLYÝEW: Türkmenistanyň Ýewropada we GDA-da Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan üç tapgyrlaýyn strategiýanyň esasynda ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyran ilkinji ýurt bolup durýandygyny bellemek möhümdir. Strategiýa özüne giňişleýin milli geňeşmeleri, durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerini birleşdirýär. Olar milli maksatnamalarda synalyp görüldi.

I.ORAZOW: Muňa goşmaça hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ýurt toparynyň 2016-njy ýylda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlandyklaryny we gol çekendiklerini bellemek isleýärin. Onda esasy çäreler, aýratyn hem 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ugurlar göz öňünde tutuldy.

M.ATAÝEW: Bu resminama ýatlap geçilen strategiýa babatda Milletler Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat esas boldy. Onuň birinji tapgyry 2015-nji ýylyň oktýabrynda badalga aldy we 2016-njy ýylyň martynda tamamlandy. BMG-niň agentlikleri bilen geçirilen geňeşmeleriň netijeleri boýunça 169 wezipäniň 121-si üýtgewsiz kabul etmek üçin hödürlenildi, 27 wezipe ýurdumyzyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen uýgunlaşdyryldy. 197 görkeziji kabul edildi, olaryň hatarynda milli derejede işlenip taýýarlanylan 39görkeziji bar. Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň ähli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen geňeşmeler geçirildi. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýurdumyzyň şertlerine uýgunlaşdyrylan Durnukly ösüş maksatlarynyň we wezipeleriniň görkezijileriniň sanawyny tassyklady. Olaryň ählisi gündelik işde ulanmak üçin degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýetirildi. Häzirki döwürde bu görkezijilere baha bermegiň usullary hem-de pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryna uýgunlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

B.GURBANLYÝEW: 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy ýene-de bir kesgitleýji şert boldy. Ýurdumyzda syýasy we tehniki derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmagyň iki derejeli ulgamy — DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejedäki milli komitet hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça pudagara tehniki utgaşdyryjy komiteti döredildi. Şu ministrligiň Strategik we durnukly ösüş institutynda ýöriteleşdirilen bölüm döredildi. Onuň üstüne DÖM boýunça geçirilýän işleriň seljermesini hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryny amala aşyrmak boýunça wezipeler ýüklenildi. Olar şu ýyl üçin institutyň ylmy barlaglarynyň meýilnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamyny 2018 — 2024-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna girizildi.

M.ATAÝEW: Häzirki döwürde dünýäniň ähli ýurtlary durnukly ykdysadyýetiň täze nusgasyny yhlasly gözleýärler. Olar ösüş bilen birlikde, jemgyýetde adalatlylygy we deňhukuklylygy üpjün etmegiň meseleleri barada pikirlenýärler. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly milli nusgasyny döretmek babatda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýratyn bellemelidiris. Şunda adam — intellektual kapitaly toplamak, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak meselesine uly üns berilýär. Şu maksatlar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlady. Olaryň ahyrky maksady ýurdumyzyň durnukly ösüşini gazanmakdan ybaratdyr. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibinde diňe bir esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň derejesinde uly üns bermek bilen çäklenmän, eýsem, DÖM barada habarlylygy ýokarlandyrmak, DÖM-niň maksatlaryny, wezipelerini hem-de görkezijilerini ösüş, pudagara ara alyp maslahatlaşmalaryň hem-de geňeşmeleriň başyny başlamak ulgamynda milli strategiýa bilen deňeşdirmek, DÖM-ni milli strategiýa goşmak üçin dürli başlangyçlar öňe sürüldi.

I.ORAZOW: Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi barada milli syny taýýarlamak boýunça hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasynyň kabul edilendigini aýtmak isleýärin. Onuň çäklerinde DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy düzümleriň — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda hereketleriň esaslarynyň döredilmegini göz öňünde tutýan hukuk resminamasy taýýarlanyldy. Ýylyň ahyryna çenli DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň Hasabatynyň taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

S.JEPBAROW: Bu ugurdaky işleriň yzygiderli kämilleşdirilýändigi möhümdir. BMG-niň agentlikleriniň goldaw bermeginde esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň orta möhletli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde DÖM-niň wezipelerini çözmegiň hem-de maksatlaýyn görkezijileriň usullaryny we görnüşlerini öwretmek boýunça okuwlar yzygiderli alnyp barylýar.

B.GURBANLYÝEW: DÖM-ni maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň döwlet, milli, pudak we sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen serişdelerinden ybaratdyr. Mundan başga-da, bilelikde maliýeleşdirmek şertlerinde BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan tarapyndan şeýle hem döwlet kärhanalarynyň, karz berýän edaralaryň serişdeleri ulanylýar.

M.ATAÝEW: EKOSOS-iň howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumyň mejlisleriniň, onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we geňeşmeleriň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol meselelere BMG-niň dürli meýdançalarynda hem-de onuň düzümlerinde garaldy. 6, 7, 11, 12, 15-nji maksatlara aýratyn üns berildi. Olary durmuşa geçirmek boýunça öňegidişlik gazanyldy.

S.JEPBAROW: “Suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli ulanylmagyny üpjün etmek hem-de sanitariýa hemmeler üçin” diýen 6-njy maksady uýgunlaşdyrmak babatda ýurdumyzyň syýasatynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigini bellemek isleýärin. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, bu möhüm ulgamda desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Statistiki maglumatlara ýüzlensek, häzirki güne çenli ýurdumyzda 7 sany iri hem-de 10 sany kiçi suw arassalaýjy desganyň gurlandygyna we işe girizilendigine göz ýetirýäris.

B.Gurbanlyýew: Şu ýerde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň Suw kodeksine aýratyn üns bermek isleýärin. Ol edara görnüşli we şahsy taraplaryň suw serişdelerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksadynda suwdan durnukly we rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Onuň hereketi suw serişdeleriniň ähmiýetini artdyrmaga, suwlaryň hapalanmakdan we guramakdan goralmagyny üpjün etmäge, olara ýaramaz täsiriň öňüni almaga we aradan aýyrmaga, suw desgalaryny dikeltmäge we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

I.Orazow: Şondan öň, 2010-njy ýylyň sentýabrynda “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir; agyz suwunyň hiline we onuň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyna, agyz suwunyň çeşmeleriniň goralmagyna we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär; agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we hapalanmakdan, zaýalanmakdan hem-de azalmakdan ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de işlemeginiň we agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

S.Jepbarow: “Hemmeler üçin energiýanyň arzan, ygtybarly durnukly we döwrebap çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek” diýen 7-nji maksady amala aşyrmak barada aýdylanda mugt tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan peýdalanýan ilatymyzyň eýe bolan ýeňillikleri hakynda maglumat berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu bölüme “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda ilatyň elektrik we gaz üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny degişli etmek gerek.

M.Ataýew: Aslyýetinde, dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi energiýa üpjünçiligi bilen mäkäm baglydyr. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda “Elektrik energetikasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ol elektrik energetikasy babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär we pudagyň mundan beýläk kämilleşdirilmegine, innowasion energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň hem-de enjamlaryň ulanylmagy esasynda ýurduň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

B. Gurbanlyýew: 2017-nji ýylda Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde saýlanyldy. 2017-nji ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisinde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň gün tertibiniň 19-njy (i) bölümi boýunça resminama hökmünde ýaýradyldy.

I.Orazow: Şeýle hem “Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek” diýen 11-nji maksady ornaşdyrmagyň çäklerinde çäreler örän işjeň amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyzda ilatyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda şäherleri we obalary döwrebaplaşdyrmak boýunça düýpli özgertmeler geçirildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheri özgerdi, ipoteka karzlaşdyrma boýunça ýokary amatlykly jaýlaryň ýüzlerçesi guruldy, welaýat we etrap merkezleri — Esenguly, Serdar, Bereket täzelenildi, Ruhubelent, Döwletli, Altyn sähra etrap merkezleri, şäher görnüşli Garlyk, Täze zaman şäherçeleri döredildi we bar bolan merkezler döwrebaplaşdyryldy.

S.Jepbarow: 2016-njy ýylyň tomsunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze obalaryň—Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynda Bagtyýar zaman obasynyň, Lebap welaýatynda Berkarar zaman obasynyň hem-de Mary welaýatynda Döwletli zaman obasynyň açylyş dabaralary “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagynyň ajaýyp beýanyna öwrüldi.

B.Gurbanlyýew: Bu obalar kottej görnüşli ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, durmuş desgalarynyň tutuş toplumy — çagalar baglary, mekdepleri, kitaphanasy, sport zaly, döwrebap iýmit nokatlary, lukmançylyk edaralary we beýleki desgalary bolan ilatly nokadyň düýbünden täze görnüşi bolup durýar. Olaryň hemmesi döwrebap abzallar we elektron enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem täze obalarda Medeniýet öýleri, söwda merkezleri we oba ilatynyň durmuşyny şäher ölçegleriniň derejesinde üpjün edýän beýleki desgalar guruldy. Döwlet tarapyndan ipoteka karzlaşdyrmasy boýunça ýeňillikli şertler göz öňünde tutuldy, munuň özi oba ilaty üçin örän möhüm bolup durýar. Mysal üçin, täze jaý eýeleri öýüň bahasynyň ondan bir bölegini ilkinji töleg görnüşinde geçirýärler, tölegiň galan bölegi 30 ýylyň dowamynda iň pes göterim bilen tölenilýär.

M.Ataýew: Men siziň ünsüňizi “Sarp etmegiň we öndürmegiň netijeli usullaryna geçilmegini üpjün etmek” diýen 12-nji maksady ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere çekmek isleýärin. Häzirki wagtda senagat taslamalaryna, durmuş ulgamynyň innowasion düzümine we desgalaryna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat we gurluşyk uly orun eýeleýär. Ýurdumyzda tehniki nukdaýnazardan ýeterlik derejede üpjün edilen obasenagat toplumy hereket edýär. Işläp taýýarlaýan pudaklaryň kuwwatlyklary ýokarlanýar, ylmy işleri talap edýän kärhanalaryň paýlary artýar. Önümçiligiň ekologiýalylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şolara bildirýän hökmany talaby bolup durýar.

I.Orazow: Bu talap hukuk derejesinde berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ekologiýa kanunçylygynyň kemala getirilmeginde we ösmeginde möhüm orun eýeledi. Onda döwletiň tebigy gurşawyň aýawlylygy üçin jogapkärçiliginden başga-da, raýatlaryň durmuş şertlerini goramak we gowulandyrmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak we dikeltmek maksadynda tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna gözegçilik etmegi göz öňünde tutuldy. “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine “Hojalyk we beýleki işlere bildirilýän ekologik talaplar” diýen VII bap girizilip, ol “Jaýlar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda, gurlanda, durky täzelenilende, ulanyşa girizilende, ulanylanda we ýykylanda ekologik talaplar” atly 31-nji maddany öz içine aldy.

M.Ataýew: Kabul edilen täzelikleriň hatarynda tebigaty goramak babatda ygtyýarly döwlet dolandyryş edarasynyň ygtyýarlyklary giňeldildi. Şeýle hem bu ugurda raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary, tebigaty goramak babatda ykdysady çäreler kesgitlendi, hökmany döwlet ekologik ätiýaçlandyrmasy bellenildi, ekologiýa sertifikatlaşdyrmasy geçirildi, jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi üçin ygtyýarlyklar kesgitlendi, Hazar deňziniň türkmen böleginde hojalyk we beýleki işler geçirilende ekologik talaplar ýokarlandy. Bu kadalaşdyryjy-hukuk namasyna ýerasty, ýerüsti baýlyklary we suw serişdelerini goramak bilen bagly bölüm girizildi. Kanunyň rejelenen görnüşe ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakynda maddalar girizildi. Bularyň hemmesi daşky gurşawy goramagyň, diýmek adamyň durmuş derejesiniň döwrebap ölçeglerini şöhlelendirýär.

B.Gurbanlyýew: Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek strategiýasyny nazara alanyňda örän möhümdir, çünki olar täze desgalaryň we taslamalaryň daşky gurşawyň ýagdaýyna mümkin bolan ýaramaz täsiriniň öňüni almak, meýilleşdirilýän hojalyk işiniň tebigaty goramak hakynda Kanunlaryň talaplaryna laýyk gelmegine baha bermek maksadynda döwlet ekologiýa seljermesiniň ölçeglerini ýokarlandyrýar. Senagat önümçilikleriniň galyndysyz işlemegi, hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna hem-de suwuň ýüzüne (şol sanda deňiz suwuna) zyňylmagynyň aradan aýrylmagy, galyndylaryň azalmagy we beýlekiler senagat önümçilikleriniň ekologiýalylygynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

S.Jepbarow: 2016-njy ýylda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek maksadynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça döwlet komiteti döredildi. Bu edara tarapyndan döwlet ekologiýa seljermesi üçin gelip gowuşýan taslama resminamalaryna seredilende aýratyn gutarnykly işlenmegini ýa-da ýörite maslahatlaryň ýerine ýetirilmegini talap edýän islendik maksatly we ugurly taslamanyň “gowşak” ýerleri ýüze çykarylýar.

I.Orazow: Ekologiýa nukdaýnazaryndan esaslandyrmak bilen bagly meseleler, ýagny daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýaramaz täsiri peseltmäge hem-de olaryň netijeleriniň öňüni almaga gönükdirilen öňüni alyş tebigaty goramak çäreleri, gazly-tozanly gurluşlary ulanmak, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen önümçilik işinde emele gelýän hapa suwlary arassalamak we beýlekiler bilen bagly bolan meseleler hem hut şolara degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezme berşi ýaly, gutarnykly çözgüt garaşsyz bilermenler bilen hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda kabul edilmelidir. Döwlet komiteti seljermäniň jemleri boýunça taslamanyň kemçiliklerini görkezýär hem-de bellikleri düzetmegiň möhümdigini belleýär ýa-da taslamany gutarnykly işlemek üçin gaýtarýar.

S.Jepbarow: Men DÖM boýunça ýurdumyzda çäreleriň — “Gury ýerleriň ekoulgamlaryny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli ulanylmagyna ýardam etmek, tokaýlary netijeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň gurpsuzlanmagyny bes etmek we yza gaýtarmak hem-de biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak” diýen 15-nji maksadynyň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýetiň berilýändigine üns bermek isleýän. 2017-nji ýylda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde agaç nahallarynyň we bezeg ösümlikleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, bioköpdürlüligi aýawly saklamak hem-de öri meýdanlaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

B.Gurbanlyýew: Türkmenistanda ýer serişdelerini goramak maksady bilen, degişli ugurda agrotehniki we agromelioratiw işleriniň toplumy—täze özleşdirilýän we gurplandyrylýan ýerlere ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşyklaryny ornaşdyrmak işleri amala aşyrylýar, munuň özi ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrýar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrýar, himiýa serişdeleriniň ulanylýan möçberlerini azaldýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň toplumlaýyn taslamasy ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, öri meýdanlary şor zeý suwlarynyň basmagynyň öňüni almak, Amyderýanyň suwunyň hilini ýokarlandyrmak meselesini çözmäge gönükdirilendir.

I.Orazow: Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Elbetde, DÖM-ni amala aşyrmagyň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň her biri diňe döwletimiz tarapyndan däl-de, eýsem, sebit we dünýä möçberinde tagallalary talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen tagallalar hem-de hyzmatdaşlaryň goldawy sebitde we dünýäde bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmaga, belli bir wagtyň dowamynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak işinde üstünlikleri gazanmaga ýardam edip biler. Munuň üçin platformalary peýdalanmaga geçmek gerek bolup, olara gyzyklanma bildirýän ähli taraplar gatnaşarlar hem-de durnukly ösüş babatda ähli maksatlaryň gazanylmagyny goldap bilerler.

M.Ataýew: Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň strategik ugrunyň ykdysady ösüşiň senagat-innowasion görnüşine, milli ykdysadyýetimiziň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini bellemek isleýärin. Şonuň üçin ählumumy DÖM-niň durmuş-ykdysady taýdan rowaçly ýerimize uýgunlaşdyrylmagy birtarapdan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny höweslendirýän bolsa, beýleki tarapdan umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözüp, tutuş dünýäde ösüşe ýardam eder.(TDH)


Etiketkalar: durnukly , ösüş , wekiliýet , BMG

Degişli Habarlar